Russiýa göçmek isleýän raýatlar prosesiň durgunlaşandygyny aýdýar

Russiýa göçmek isleýän raýatlar prosesiň durgunlaşandygyny aýdýar

Türkmenistanda rus hökümetiniň “göçüş maksatnamasy” esasynda Russiýa Federasiýasyna göçüp gitmek üçin resminamalaryny tabşyran raýatlar prosesiň durgunlaşandygyndan we haýal ilerleýändiginden şikaýat edýärler.

Bu waka, Russiýa göçüp gitmek isleýän raýatlaryň sanynyň köp bolmagynda galýan mahalyna gabat gelýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy we ynamdar çeşmesi 27-nji dekabrda paýtagtdan maglumat berdi.

“Russiýa göçüp gitmek isleýän adamlaryň akymy azalmaýan mahaly, “göçüş programmasy” esasynda gitmek isleýänleriň sanawynda nobata duran adamlaryň sany 10 müň 500-den geçýär. Nobatlar noýabrdan bäri öňe süýşmeýär” diýip, sanawdan habarly ynamdar çeşmämiz aýtdy.

Agzalýan maksatnama boýunça Russiýa göçüp gitmek isleýän raýatlaryň tassyklamagyna görä, öň bu proses bir ýyla çekýärdi. Ýöne häzir köp adam bir ýarym ýyl bäri garaşsa-da, henizem Russiýa göçüp bilmeýär.

“Programma laýyklykda status almak isleýänler ilki bilen Aşgabatdaky rus ilçihanasyna resminamalary tabşyrýarlar. Bu ýerden resminamalary, barlatmak we rugsat almak üçin, ýerli migrasiýa edarasyna geçirýärler. Mundan öň, migrasiýa tarapyndan tassyklanan’ adamlaryň sanawy her hepde rus ilçihanasynyň websaýtynda peýda bolýardy, ýöne bu sanaw noýabrdan bäri täzelenmedi” diýip, aşgabatly ýaşaýjy anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Käbir raýatlar bu prosesiň ýerli migrasiýa resmileri tarapyndan emeli usulda haýalladylýan bolmagynyň mümkindigini çaklaýarlar.

Olar munuň sebäbini soňky ýyllarda häkimiýetleriň ilatyň daşary ýurtlara köpçülikleýin göçüp gitmeginiň yzygiderli öňüni almaga çalyşandygy bilen düşündirýärler.

Azatlyk gürrüňi edilýän ýagdaýlar barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň websaýtynda görkezilen telefon belgilere jaň edip, maglumat alyp bilmedi. Şeýle-de, redaksiýanyň paýtagtyň migrasiýa edarasyndan telefon arkaly kommentariý almak synanyşyklary hem häzirlikçe oňyn netije bermedi.

Habarçylarymyz ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, soňky ýyllarda etniki gelip çykyşy rus milletinden bolan türkmenistanly raýatlaryň Russiýa köpçülikleýin emigrasiýasynyň dowam edýändigini aýdýarlar.

Russiýa hemişelik göçýän türkmenistanly raýatlar Aşgabatdaky rus konsullygyna ýüz tutup, Russiýanyň daşary ýurtlarda ýaşaýan rus watandaşlaryna gönükdirilen göçüş maksatnamasynyň çäklerinde, ýa-da beýleki ýüz tutmalar boýunça wiza alýarlar we ýaşaýyş rugsatnamasyny alýarlar. Soňra rus raýatlygyna ýüz tutýarlar.

Türkmenistanda etniki gelip çykyşy rus milletinden bolmadyk raýatlaryň arasynda-da, Russiýa gitmek üçin resminamalary we wizalary almak boýunça nobatlar birnäçe ýyl bäri saklanyp galýar.

Iki ýyla golaý wagt bäri Kreml Ukrainanyň çäginde söweş alyp barýan wagtynda Russiýadaky uruş mobilizasiýasynyň töwekgelçiligine we migrantlara garşy reýdlere garamazdan, türkmenistanlylar işlemek, okamak ýa-da ýaşamak üçin Russiýa gidýärler.

Türkmen häkimiýetleri ilatyň migrasiýasyna degişli ýagdaýy resmi derejede agzamaýar we statistiki maglumatlary çap etmeýärler. Şol bir wagtyň özünde ýurtda biometriki pasport nobatlarynyň indiki ýylyň güýzüne çenli uzamagy ilatyň ýurduň daşyna çykmak islegleriniň gerimini görkezýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

eKassa ykjam programmasy AŞTU hyzmatlarynyň amatly tölegi
Nvidia kompaniýasynyň başlygy programma düzüji däl-de, oba hojalykçy bolmagy maslahat berdi
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Startup, täjirçilik pikiri we taslamasy” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi
Amerikada dünýäde iň güýçli çip bilen tanyşdyryldy
Hakan Fidan: "Türkiye hökmünde biz indi her ugurda we her stolda bardyrys" diýdi
DT: Harasadyň dördünji ýyl dönümi howanyň global üýtgemegi bilen bagly aladalary ýene bir gezek gozgaýar