Russiýa-Gyrgyzstan Bilelikdäki Howa Goranyş Ulgamyny Döreder

Russiýa-Gyrgyzstan Bilelikdäki Howa Goranyş Ulgamyny Döreder

Russiýanyň döwlet Ýolbaçysy Wladimir Putin, ýurdy bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda bilelikdäki sebitleýin howa goranyş ulgamynyň döredilmegi baradaky şertnamany tassyklady.

Putin tarapyndan tassyklanan karara görä, Russiýa bilen Gyrgyz Respublikasy bilelikdäki sebitleýin howa goranyş ulgamyny döreder.

Bu ulgamyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agaza döwletleriň birleşen howa goranyş ulgamynyň bir bölegi bolandygyna üns çekildi we şeýlelikde sebitiň howa goranyş ulgamynyň has-da kämilleşdiriljekdigi ýatladyldy.

Iki ýurduň arasynda 2022-nji ýylyň 16-njy awgustynda baglaşylan şertnama görä, rus tarapyna Gyryzstanda wagtlaýyn ulanylmagy üçin ýörite meýdança berer.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň birleşen howa goranyş ulgamynyň bir bölegi bolan Russiýa-Gyrgyzstan bilelikdäki howa goranyş ulgamynyň işleri Rus howa güýçleri serkerdeligi tarapyndan gönükdirler.

Ýene degişli makalalar

NATO Ukraina Goşmaça Howa Goranyş Ulgamyny Bermegi Meýilleşdirär
“Howa Goranyş Ulgamlary Ukrainanyň Howpsuzlygyna Goýlan Iň Uly Maýa Goýum”
Fransiýa Ermenistana Howa Goranyş Ulgamlaryny Berer
Ysraýyl, Germaniýa “Arrow 3” Raketa Goranyş Ulgamyny Satar
Germaniýa Ukraina Patriot Howa Goranyş Ulgamyny Berer
Halkara ulgam, uly ykdysady çökgünligi başdan geçirýän Müsüre goldaw berýär.