Fransiýa Ermenistana Howa Goranyş Ulgamlaryny Berer

Fransiýa Ermenistana Howa Goranyş Ulgamlaryny Berer

Fransiýa Ermenistana gysga, orta we uzak aralykly howa goranyş ulgamlaryny berer.

Resmi sapar bilen Ermenistanyn paýtagty Ýerewana giden Fransiýanyň Goranmak ministri Jebastýan Lekornýu, Premýer-ministr Nikol Paşinýan we Eermenistanyň Goranmak ministri Suren Papikýan bilen duşuşdy.

Premýer-ministr Paşinýan duşuşykda Fransiýa bilen ýurdunyň arasyndaky hyzmatdaşlyga ünsi çekdi.

Paşinýan, Jebastýan Lekornýunyň Fransiýadan Goranmak ministri derejesinde guralýan ilkinji sapary amala aşyrýandygyny nygtady.

Taraplar duşuşykda Ermenistanyň harby goşunyna girizilen üýtgetmeler, harby tälim we Ermenistan-Fransiýa hyzmatdaşlygy hakynda pikir alyşdy.

Fransiýanyň Goranmak ministri Jebastýan Lekornýu, Ermenistana howa goranyş ulgamlaryny berjekdiklerine ünsi çekdi.

Fransiýa bilen Ermenistanyň arasynda 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda harby şertnama baglaşylypdy.

Ýene degişli makalalar

NATO Ukraina Goşmaça Howa Goranyş Ulgamyny Bermegi Meýilleşdirär
“Howa Goranyş Ulgamlary Ukrainanyň Howpsuzlygyna Goýlan Iň Uly Maýa Goýum”
Russiýa-Gyrgyzstan Bilelikdäki Howa Goranyş Ulgamyny Döreder
Ysraýyl, Germaniýa “Arrow 3” Raketa Goranyş Ulgamyny Satar
Germaniýa Ukraina Patriot Howa Goranyş Ulgamyny Berer
Gresiýa Harby Goşunda Özgertmeler Eder