Russiýa Katar bilen syýahatçylyk gatnawlaryny täzeden başlaýar

Russiýa Katar bilen syýahatçylyk gatnawlaryny täzeden başlaýar

Russiýa 27-nji ýanwarda, çarşenbe güni Finlýandiýa, Wýetnam, Hindistan we Katar bilen uçar gatnawyny dowam etdirer.

Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Bogdanow Katar bilen gaýtadan başlanan uçar gatnawynyň diňe bir işewürlik saparlary üçin niýetlenilmän, eýsem syýahatçylyk saparlaryny hem öz içine aljakdygyny aýtdy.

Bogdanow Katary rus raýatlarynyň Aziýa we Afrika syýahatlary üçin ulanýan möhüm merkezi hökmünde häsiýetlendirdi

Russiýa geçen ýylyň 27-nji martynda koronawirus pandemiýasy sebäpli halkara uçar gatnawlaryny togtatdy. Ýurtdan diňe ýük, sanitariýa we käbir zerur bolan halkara uçar gatnawlaryna rugsat berildi. Ýöne, halkara uçar gatnawlary geçen ýylyň awgust aýyndan bäri kem-kemden ýola goýulýar. Häzirki wagtda Russiýanyň Türkiýe, Tanzaniýa, Şweýsariýa, Müsür, BAE, Belarus, Gyrgyzystan, Gazagystan, Serbiýa, Günorta Koreýa, Ýaponiýa, Kuba,

Efiopiýa we käbir beýleki ýurtlar bilen halkara uçar gatnawlary bar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly oglanlar tennis boýunça Merkezi Aziýanyň çempionatyna ýeňiş bilen başladylar
Ispaniýanyň ikinji çempionlygy
Russiýaly ussat pianinoçy Ýuriý Bogdanow Aşgabatda çykyş etdi
09.01.2020 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: medeniýet ulgamy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: medeniýet ulgamy
Sportuň taryhynda şu gün 18-nji awgust