Russiýa-Ukraina söweşinde adam ýitgileri artmaga dowam edýär

Russiýa-Ukraina söweşinde adam ýitgileri artmaga dowam edýär

Ukrainanyň Harkow şäherinde Russiýanyň düýn agşam guran hüjümlerinde ilkinji kesgitlemelere görä 9 ýaşyndaky bir çaga ýogaldy.

Partlamadan soň wakanyň bolan ýerine köp sanda gözleg we halas ediş toparlar gönükdirildi.

Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli Ukrainada asuda ilatdan 847 adam ýogaldy, 1 müň 399 adam ýaralandy, hüjümleriň netijesinde 3 million 328 müň 692 adam goňşy ýurtlara geçdi.

BMG-nyň Bosgunlar boýunça ýokary komissarlygy tarapyndan berilen beýanatda, Ukrainadaky bosgun krizisi bilen baglanşykly biri-birinden tapawutly habar çeşmelerden ýygnalan maglumatlar paýlaşyldy.

Şoňa laýyklykda 24-nji fewral-18-nji mart aralygynda ýarsyndan gowragy Polşa bolmak bilen Ukrainadan jemi 3 million 328 müň 692 adamyň goňşy ýurtlara göçendigi habar berildi.

Ukrainalylaryň goňşy ýurtlardan iň köp Polşa (2 million 10 müň 693 adam), Rumyniýa (518 müň 269 adam) we Moldawiýa (359 müň 56 adam) geçendigi bellenen beýanatda, Donetsk we Lugansk sebitlerinden bolsa 18-23-nji fewral aralygynda 50 müň adamyň Russiýa geçendigi aýan edildi.

Beýleki tarapdan Ukrainanyň Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, soňky 24 sagatda Russiýanyň goşunynyň 10 aýry hüjüminiň üstünlikli ýagdaýda yzyna serpikdirilendigi mälim edildi.

Soňky 24 sagatda Russiýanyň goşunyna degişli 13 sowutly ulagynyň, 8 taňkynyň, 4 sowutly pyýada ulagynyň we 10 ýük ulagynyň ýok edilendigi habar berilen beýanatda, düýn başdan geçirilen çaknyşyklarda bolsa 100-den gowrak rus esgeriniň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi aýan edildi.

Ukrainanyň Wise-premýeri Irina Wereşýuk bolsa beren beýanatynda, Russiýanyň goşuny bilen söweşleriň dowam edýän Ukrainanyň tapawutly sebitlerinde soňky 24 sagatda 10 ynsanperwer koridoryň 8-siniň işledilendigini beýan etdi.

Şol koridorlaryň üsti bilen ewakuasiýa işleriniň amala aşyrylandygyny aýdan Wereşýuk: "Şu gün 8 ynsanperwer koridordan 6 müň 623 adamy ewakuasiýa etdik" diýip belledi.

Irina Wereşýuk şu gün Mariupol, Berwitsa, Buça, Bogdanowka, Lisiçansk, Sewerodonetsk, Rubežnoye we Popasna ýaly ýaşaýyş ýerlerindäki ynsanperwer koridorlaryň işledilendigini belläp, Borodýankadaky we Hersondaky ynsanperwer koridorlaryň bolsa Russiýanyň goşuny tarapyndan böwet bolunandygyny habar berdi.

Wereşýuk mundan başgada ýurtda Russiýanyň goşunyndan 562 rus harby ýesiriň bardygyny aýan etdi.

Beýleki tarapdan Ukrainanyň milli demir ýol kärhanasy "Ukrzaliznytsia"-nyň başlygy Aleksandr Kamişin, ýurdunyň Belarussiýa bilen arasyndaky demir ýol arabaglanşygynyň bes edilendigini mälim etdi.

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy.

Ýene degişli makalalar

Russiýa-Ukraina söweşinde 24-nji fewraldan bäri ilkinji kesgitlemelere görä 115 çaga ýogaldy
Türkmenistanly oglanlar tennis boýunça Merkezi Aziýanyň çempionatyna ýeňiş bilen başladylar
Ispaniýanyň ikinji çempionlygy
Russiýaly ussat pianinoçy Ýuriý Bogdanow Aşgabatda çykyş etdi
09.01.2020 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: medeniýet ulgamy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: medeniýet ulgamy