Russiýa Ýeňil-Ýelpaý Ýurt Däl

Russiýa Ýeňil-Ýelpaý Ýurt Däl

Erdogan Serbiýanyň paýtagty Belgradda kärdeşi Aleksandr Wucic tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy.

Erdogan we Wucic özara we toparara duşuşyklardan soň iki ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça 7 ylalaşyga gol çekişildi.

Erdogan Wucic bilen geçiren bilelikdäki metbugat ýygnagynda duşuşyklarda iki ýurduň gatnaşyklaryny giňişleýin selcerendiklerini, Bosniýa-Gersegowinanyň başda durmagynda sebitleýin we halkara meselelerde pikir alyşandyklaryny aýtdy.

Şahsy resminma bilen syýahat etmek hakyndaky teswirnamanyň Türkiýe-Serbiýa gatnaşyklaryny täze bir derecä götercekdigini beýan eden Erdogan, Serbiýa bilen söwda mukdaryny geçen ýyl 33 göterimden gowrak ýokarlandyryp, 2 milliard dollara ýetirendilerini, ony 5 milliard dollara ýetirmegi nazarda tutýandyklaryny nygtady.

24-nci fewralda başlan Russiýa-Ukraina söweşi hakynda-da durup geçen Erdogan, Türkiýäniň adybir iki ýurduň arasynda elmydama deňagramly syýasat alyp barandygyny, günbataryň bolsa meçew bermäge esaslanýan syýasat alyp barýandygyny aýtdy.

Günbataryň Ukraina ýarag kömegini berýändigini aýdan Prezident Erdogan; Näçe köne ýaraglar, encamlar bar bolsa, olary Ukraina ugradýarlar” diýdi.

Urşuň üstün çykanynyň ýokdugyna ünsi çeken Erdogan; “Russiýa bu işiň ýeňişicisidir ýa-da Ukraina bu işde üstün çykdy diýsem ýalňyşaryn.Emma häzirki wagta çenli biziň alyp barýan syýasatymyz Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky söweşiň bes edilmegi ugrunda.

Biz şonuň tagallasyny edýäris.Emma gysga wagtda gutarcaga meňzemeýär.Russiýa sowuk-sala çemeleşýänlere-de aýdýaryn, ýalňyşýaňyz.Russiýa ýeňil-ýelpaý ýurt däl.Näme boldy?Russiýa tebigy gazy kesdi.

Nyrhlar Ýewropada dessine göterildi. İndi hemmeler gyşyny nähili geçircekdigini pikir edýär.Muny ozal näme pikir etmediniz?” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Bosniýa-Gersegowinanyň Prezidium geňeşiniň başlygy Beçirowiç bilen duşuşdy
Prezident Erdogan NATO-nyň Baş sekretary bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Erdogan Makron bilen Eýrandaky ýaraşygy, Liwany we Gazany ara alyp maslahatlaşdy
Prezident Erdogan, Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý Stambula geldi
Emine Erdogan 7-nji TRT World Citizen baýrak gowşurlyş dabarasyna gatnaşdy
Erdogan Yragyň Premýer-ministri Sudani bilen söwda we terrora garşy göreş hakynda pikir alyşdy