Russiýada 31 müň sany Türkmenistanly student okaýar, Türkmenistan bilelikdäki ÝOJ döretmek isleýär

Russiýada 31 müň sany Türkmenistanly student okaýar, Türkmenistan bilelikdäki ÝOJ döretmek isleýär

10-njy iýunda Russiýanyň ylym we ýokary bilim ministriniň orunbasary Natalýa Boçarowanyň we Türkmenistanyň bilim ministri Gurbangül Ataýewanyň duşuşygy Moskwada boldy diýip RF-niň ylym we bilim ministliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Ataýewanyň maglumatlaryna görä, Russiýanyň okuw jaýlarynda 30,7 müňden gowrak Türkmenistanyň raýaty okaýar. Häzir Türkmenistanda tehniki, saglyk we injener hünärmenlerine aýratyn talap bar.

Boçarowanyň habaryna görä, hökümet Russiýanyň raýatlarynyň býujet kwotasyndan artyk Türkmenistanyň raýatlary üçin berilýän ýerini (kwotasyny) artdyrýar. 2021/2022 ýyllarda 220 ýer berilipdi, geljekde bu san 250-ä ýetirilýär.

Şonuň ýalyda, Russiýanyň we Türkmenistanyň arasynda bilim baradaky döwlet resminalarynyň özara ykrar edilmegi dogrusynda hökümetara ylalaşyk bar.

Türkmen tarapynyň bilelikde uniwersitet döretmäge gyzyklanýandygy baradaky hat Russiýanyň DIM-den ýurduň ylym we bilim ministlrigine gowşupdyr.

Natalýa Boçarowanyň bellemegine görä, ministrlik şeýle mümkinçilige oňyn garaýar. Onuň maglumatlaryna laýyklykda,eýýäm, GDA-niň dürli ýurtlary gatnaşýan bilelikde döredilen dört sany uniwersitet bar.

Türkmenistanyň raýatlaryny iň gyzyklandyrýan okuw jaýlaryna-Kazan (Priwolje) federal uniwersiteti, Kazan milli barlag tehnologiýa uniwersiteti, Adygeý döwlet uniwersiteti, U.D.Aliýew adyndaky Garaçaý-Çerkez döwlet uniwersiteti we Orlow ykdysadyýet döwlet uniwersiteti girýär.The post Russiýada 31 müň sany Türkmenistanly student okaýar, Türkmenistan bilelikdäki ÝOJ döretmek isleýär first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň bilim ministri täzelendi
Berdimuhamedow Türkmenistanda koronawirusyň bardygyny ýalana çykarmagyny dowam edýär,emma, ýurtda epidemologiýa howpsuzlygyna jogapkär ministrleri wezipesinden boşatdy
COVID-19: Talyplar okaýan sebitlerine goýberilmedi, okuwlaryň 1-nji sentýabrda başlajagy gümana
Türkmenistanyň bilim ministri düýpli kemçilikler üçin işden boşadyldy
Berdimuhamedow Türkmenistanyň bilim ministrini işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin wezipesinden boşatdy