COVID-19: Talyplar okaýan sebitlerine goýberilmedi, okuwlaryň 1-nji sentýabrda başlajagy gümana

COVID-19: Talyplar okaýan sebitlerine goýberilmedi, okuwlaryň 1-nji sentýabrda başlajagy gümana

Türkmenistanda COVID-19 bilen keselleýänler we ondan ölýänler görnetin köpelýän mahaly, ýurduň dürli künjeginde okaýan talyplar özleriniň ýokary okuw jaýlarynyň ýerleşýän sebitlerine goýberilmeýär. Munuň bilen bagly, talyplary Daşoguzdan we Marydan Aşgabada hem-de Lebaba alyp giden ýörite otly gatnawlary yzyna dolandy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň biri-birinden garaşsyz üç habarçysy Daşoguzdan, Lebapdan we Marydan maglumat berýär.

Daşoguzly habarçymyzyň maglumatyna görä, 24-nji awgustda talyplary paýtagta aşyrmak üçin guramalaşdyrylan ýörite otly gatnawy Daşoguzdan Aşgabada tarap ugrady. Ýöne aradan üç sagat geçip-geçmänkä, otly "Mal ýap" stansiýasynda saklandy we yzyna öwrülip, gaýtadan Daşoguza bardy.

"Aşgabadyň häkimiýetleri welaýatdan gelýän talyplary kabul etmejekdiklerini mälim etdiler. Olar munuň sebäplerini paýtagtda koronawirusyň giňden ýaýramagy bilen düşündirdiler. Şol sebäpli talyplary alyp barýan ýörite otly yzyna dolandy" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran, ýagdaýdan habarly çeşmämiz 25-nji awgustda habarçymyza gürrüň berdi.

Ýatlatsak, türkmen häkimiýetleri koronawirus aladalarynyň arasynda, halkara uçar gatnawlary bilen birlikde, ozal gowşadylan ýerli transport hereketini, şol sanda uçar we otly gatnawlaryny hem çäklendirdiler.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, häkimiýetler paýtagtyň ýokary okuw jaýlaryna okuwa kabul edilen talyplaryň haçan Aşgabada goýberiljekdigi barada anyk bir zat aýtmaýarlar.

Bellesek, Türkmenistanda giriş synaglary awgustyň birinji ongünlüginde tamamlanan ýurduň ýokary okuw jaýlarynda okuwlar öňümizdäki hepde, ýagny adatça 1-nji sentýabrda başlanýar.

Azatlygyň Marydaky we Lebapdaky habarçylary talyplaryň otlusynyň yzyna dolanmagy bilen bagly ýagdaýyň bu welaýatlarda hem ýüze çykandygyny habar berýärler.

"Maryly talyplar Aşgabada we Lebaba goýberilmedi. Olar häzir öýlerinde garaşýarlar. Koronawirus bilen keselleýänleriň köpelýändigi sebäpli ýokary okuw jaýlaryny, orta hünär okuw mekdeplerini we orta mekdepleri heniz açmazlyk barada maslahat edilýär" diýip, welaýatyň bilim bölümine ýakyn çeşmämiz 25-nji awgustda habarçymyza gürrüň berdi.

"Lebap hem beýleki welaýatlardan gelýän talyplary kabul etmedi. Orta mekdeplerde hem okuwlaryň heniz başlamazlygynyň ähtimaldygy barada gürrüňler bar. Şu günden başlap tas ähli ýerler ýapyldy. Diňe azyk satylýan dükanlar açyk" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran, ýagdaýdan habarly lebaply çeşmämiz 25-nji awgustda habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada ýurduň Bilim ministrliginden we "Türkmendemirýollary" agentliginden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Ýöne bu waka ýurduň bilim ministri Gurbanow Orazgeldi Amandurdyýewiçiň "işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin" diýlen kesgitleme esasynda eýeleýän wezipesinden boşadylan mahalyna gabat geldi.

25-nji awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow kemçilikleriň jikme-jiklerini aýdyňlaşdyrman, bu wezipä Gurbangül Kakalyýewna Ataýewanyň bellenilendigini mälim etdi.

Türkmen häkimiýetleriniň talyplary okaýan sebitlerine goýbermezligi bilen bagly çäre, pandemiýanyň başyndan bäri ýurtda COVID-19-yň ýeke hadysasyny hem resmi taýdan hasaba almadyk Türkmenistanda ölüm howply wirusyň giňden ýaýraýan mahalyna gabat gelýär.

Soňky hepdelerde ýurtda koronawirus bilen keselleýänler we ondan ölýänler görnetin köpeldi. Lebap welaýatynda koronawirusdan ölýänleriň sanynyň günde 100 adama ýetýändigini welaýatyň saglyk müdirligindäki çeşmämiz 24-nji awgustda gürrüň berdi.

Bu habarlaryň arasynda, türkmen häkimiýetleri koronawirusyň ýaýramagyna garşy ätiýaçlyk çäreleriniň gerimini yzygiderli güýçlendirip, söwda we dynç alyş merkezlerini ýapmak arkaly karantin düzgünlerini tapgyrlaýyn esasda güýje girizýärler. Ýöne döwlet resmileri pandemiýanyň başyndan bäri ýurtda COVID-19-yň hasaba alnandygyny resmi taýdan ykrar etmän gelýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
03.04.2019 | Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygyna hem-de Zenanlar birleşigine täze ýolbaşçy bellenildi
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygyna hem-de Zenanlar birleşigine täze ýolbaşçy bellenildi
Berdimuhamedow ýurduň ýolbaşçylar düzümini Türkmenistanlyň Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik nyşany bilen sylaglady