Russiýada Kazan ― Türkmenabat gatnawynyň biletleri onlaýn satylyp başlandy

Russiýada Kazan ― Türkmenabat gatnawynyň biletleri onlaýn satylyp başlandy

Russiýada Kazan ― Türkmenabat ugry boýunça howa gatnawynyň biletleriniň onlaýn satuwy ýola goýuldy. Bu barada Türkmenistan awiakompaniýasynyň Baş agentliigniň Vkontakte jemgyýetçilik torundaky resmi topary habar berdi.

Biletleri agentligiň resmi saýtyndan satyn alyp bolar. Häzirki wagtda sentýabr we oktýabr aýyndaky gatnawlar üçin biletler satylýar.

Şu günki maglumatlara görä, Kazandan Türkmenabada uçmak üçin biletiň bahasy 23 997 rus rubluna deň. Biletleri Мир, VISA ýa-da MasterCard nagt däl töleg ulgamlary bilen satyn alyp bolar.

Ýene degişli makalalar

Bilet gytçylygynda araçylar uçar biletlerini sosial ulgamlary arkaly hödürläp başlady
Türkmenistany dolandyrýan maşgalanyň ilat köpçüligi garyp ýurduň puly öz uçaryna sarp etmegi pikir alyşma döretdi
Türkmenistany dolandyrýan maşgalanyň ilat köpçüligi garyp ýurduň puluny öz uçaryna sarp etmegi pikir alyşma döretdi
Russiýanyň S7 Airlines awiakompaniýasy Türkmenistana yzygiderli gatnawlary dikelder
Türkmenler Orsýetdäki harby mobilizasiýa garamazdan, bu ýurda göçmegini dowam etdirýärler
Türkmenistandan Russiýa gitmek isleýän türkmenleriň sany köp bolmagynda galýar