Russiýada smartfonlar arzanlady

Russiýada smartfonlar arzanlady

Russiýada smartfonlardyr gajetleriň köpüsiniň nyrhlary şu ýylyň fewral aýyndaky ýagdaýa dolanyp geldi, bu barada Izwestiýa habar berdi.

Nyrhlaryň peselmegi Xiaomi, Samsung we Iphone smartfonlary babatda hasaba alyndy. Şunda smartfonlara, gulaklyklara we akylly enjamlara nyrhlaryň 20-50 göterim arzanlandygy aýdylýar.

Ýagdaýyň, esasan, rubluň hümmediniň peselmegi, logistikadaky we harytlaryň satyn alnyş nyrhlary bilen bagly üýtgeşmeler, şeýle-de ammarlarda harytlaryň elýeterliligi bilen baglydygy bellenýär.

Başga bir çeşme nyrhlaryň pese gaçyşlygyny harytlaryň daşalmagynyň kadalaşmagy, rubluň hümmediniň durnuklylygy we esasy stawkanyň peselmegi bilen baglaýar.

Hünärmenler geljekde bazaryň möçberiniň kemelmegini we smartfonlaryň satuwynyň azalmagyny çaklaýarlar.

Ýene degişli makalalar

Ýewropada gazyň bahasy bir müň kubmetr üçin 1600 amerikan dollaryna golaýlady
Harydyňy ýa ýüküňi 1 günde Türkmenistanyň islendik künjegine nädip ýetirip bolar?
“Gadymy Kerwen” Türkmenistanyň içinde ýük daşama hyzmatyny hödürleýär
2022-nji ýylyň iň gowy android-smartfonlary kesgitlenildi
OPEK gazyň we nebitiň gymmatlamagyna dahylsyzdygyny habar berdi
Russiýa Ýeňil-Ýelpaý Ýurt Däl