Gadymy Kerwen (GK) hususy kärhanasy ýükleri şäher içi we welaýatlaryň arasynda eltip bermek hyzmatyny hödürleýär. GK bu ugurda hyzmatlary gysga wagtda (1 günde) hem-de kepillikli ýerine ýetirýän Türkmenistanda ygtyýarlandyrylan kärhana bolup durýar.
Gadymy Kerwen HK-nyň hyzmatlaryndan islendik raýat, kärhana ýa-da onlaýn dükanlar peýdalanyp biler. Eltip bermek hyzmaty bir welaýatyň içine 1 günüň dowamynda, beýleki welaýatara bolsa 2 günüň dowamynda amala aşyrylýar.
Harydyňy şäher içine ýa-da Türkmenistanyň islendik ýerine ibermek üçin müşderi näme etmeli?
Hyzmatlaryny kepillikli hem-de amatly bahadan hödürleýän Gadymy Kerwen HK sargydyň barmaly ýerine aýawly hem bökdençsiz ýetirilmegini üpjün edýär. Munuň üçin, iberilmeli ýük kabul edilende gözden geçirilip, ýörite gol çekilip alynýar we gaplanylýar.
Gadymy Kerwen gök önümleri, et-süýt, ýumurtga önümlerini, partlaýjy jisimleri, şeýle hem Türkmenistanyň Kanunynda gadagan edilen zatlary iberip bolmaýandygyny müşderilene ýatladýar.
Nyrhnamalar nähili 40*30*30 sm göwrümdäki 1-4 kg-a çenli ýükleri Türkmenbaşy, Mary, Daşoguz, Türkmenabat şäherlerine ibermegiň bahasy — 50 manat möçberinde kesgitlenen.Beýleki ilatly nokatlara çenli ibermegiň nyrhlary goşmaça kesgitlenilýär (iň uzak aralygyň bahasy — 100 manat). 4 kg-dan agyr agramdaky harydyň her kilogramyna goşmaça 10 manat töleg alynýar.
Gadymy Kerwen HK şeýle hem Hytaý, BAE, Türkiýe döwletlerinden sargyt boýunça islendik harydy gözläp tapyp bermek, şertnama esasynda getirip bermek hyzmatlaryny hem amala aşyrýar.
Bulardan başga-da, Gadymy Kerwen HK GDA we beýleki ýurtlara logistika hyzmatlaryny hem hödürleýär.
Gadymy Kerwen HK ýakyn wagtda mobil goşundysyny hem müşderiler üçin elýeterli eder. KERVVEN atly mobil goşundyny müşderiler Play Market-den we App Store-den ýükläp alyp bilerler.
Telefon belgileri: +99363-06-66-99; +99361 10-81-77; +99365 22-35-75 Logistika we Daşary ýurt hyzmatlary üçin: +99361190801 Instagram: @gadymy_kerwen Tmzon: gadymy_kerwen Salgysy: Aşgabat ş., G.Kuliýew köçesi, jaý 86, Gujurly ýaşlar binasy
