Rowachlan Galkynysh TSTB-niň 16 ýyllygyna bagyşlanan sergä öz önümleri bilen gatnaşdy

Rowachlan Galkynysh TSTB-niň 16 ýyllygyna bagyşlanan sergä öz önümleri bilen gatnaşdy

Türkmenistanda we sebitde Rowachpack brendi bilen polipropilen gaplary öndürýändigi bilen tanalýan Rowachlan Galkynysh hususy kärhanasy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) döredilmeginiň 16 ýyllygyna bagyşlanan köpugurly sergä gatnaşýar.

Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezindäki diwarlygynda kompaniýa öndürýän önümleriniň ähli görnüşini: polipropilen haltalary, big-begleri, torbalary we gaplaýyş gutularynyň beýleki görnüşlerini görkezýär. Şeýle hem myhmanlar Rowachlan Galkynysh HK-nyň ýaňy-ýakynda öndürip başlan täze önümlerini görüp bilerler. Mysal üçin, çyglylyga garşy içlikli şeker üçin haltalar.

Rowachlan Galkynysh önümçiligini yzygiderli döwrebaplaşdyrýar we önümleriniň görnüşlerini artdyrýar. Kärhana golaýda big-begleriň we gaplaýyş torbalarynyň goşmaça önümçiligini işe girizdi. Munuň özi kompaniýa önümçiligiň we eksportyň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berdi.

Häzirki wagtda Rowachlan Galkynysh HK-nyň önümleri GDA ýurtlarynyň köpüsine eksport edilýär. Geljekde önümleri ABŞ-a, şeýle hem Gündogar we Günbatar Ýewropa ýerlemek meýilleşdirilýär.

Sergä gatnaşmagy Rowachlan Galkynysh HK üçin Türkmenistanyň hususy pudagynyň barha artýan kuwwatyny görkezmek, şeýle hem gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin ýene-de bir mümkinçilikdir.

Rowachlan Galkynysh HK-nyň habarlaşmak üçin maglumatlary:

● telefonlar: (+993 62) 29 29 69 и (+993 12) 29 29 69; ● elektron poçta: rowachpack@gmail.com; ● sosial ulgamdaky sahypasy.

Ýene degişli makalalar

Röwşen kärhanasy TSTB-niň sergisine gatnaşýar
Rowachlan Galkynysh TSSE-de geçýän sergide gaplama önümleriniň üstünliklerini tanyşdyrýar
Rowachlan Galkynysh göterijili ýokary hilli big-beg gaplaryny hödürleýär
Rowachlan Galkynysh ürgün materiallary gaplamak we daşamak üçin tutawaçly big-begleri hödürleýär
Rowachlan Galkynysh polipropilen gaplaýyş önümleriniň eksportyny artdyrýar
Rowachlan Galkynysh türkmen kärhanasy eksport üçin big-beg gaplaryny öndürýär