Russiýada suw süýşgünleri dowam edýär

Russiýada suw süýşgünleri dowam edýär

Russiýada suw süýşgünlerine erk etmek barha kynlaşýar diýip, 24KZ habar berýär. Esasan hem, ýurduň Gazagystan bilen serhetdeş Priwolžýe ülkesi ejir çekdi. Sebitde giden iatly ýerleri suw basdy.

Ýurduň Orenburg oblastynda suw süýşgünleri bilen bagly ýagdaý sagatsaýyn üýtgäp dur. Sebitiň munisipalitetleriniň köpüsinde adatdan daşary ýagdaý yglan edildi. 250-den hem köp oba töwekgelçilik zolagyndan ýerleşýär. Suw basar diýlip çak edilýän etraplara we şäherlere azyk önümleri, içimlik suw, lukmançylyk serişdeleri eltildi.

Altaý ülkesinde-de adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizildi, 500 töweregi jaý suwa gark boldy. Ýollarda hereket ýatyryldy. Adamlary göçürmek işleri dowam edýär.

Hytaýda, Pakistanda, Owganystanda hem köp ygal düşmegi bilen baglylykda, suw süýşgünleri döredi, adamlary howply ýerlerden göçürýärler. Braziliýada golaýda bolan sil joşmalaryndan soňra adamlar öýlerine dolanýarlar.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň sebitleriniň köpüsinde bahar daşgynlary dowam edýär
Orenburgdaky Ural derýasynyň suwy iň howply derejede ýokarlandy
Russiýada suw süýşgünleri bilen bagly ýagdaý ýitileşýär
Orenburgda Türkmenistanyň söwda öýüni açmak mümkinçiligine seredildi
Kazanda türkmen saýlaw toparlary dörediler
Nordwind Airlines ýene bir gatnawynda Türkmenabadyň Halkara howa menzilini tehniki gonuş üçin ulanar