Russiýanyň sebitleriniň köpüsinde bahar daşgynlary dowam edýär

Russiýanyň sebitleriniň köpüsinde bahar daşgynlary dowam edýär

Russiýada bahar daşgynlary möwsümi dowam edýär, suw süýşgünleri sebitleriň 26-synda hasaba alyndy diýip, ýurduň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligine salgylanýan 24KZ habar berýär.

Suw basan zolakda 500-den gowrak öý, 2 müň howly we 100-e golaý köpri suwa gark boldy, 60-dan köp ýoly suw ýuwdy. Ýagdaý hasam Altaý ülkesinde ýaramaz. Sebitde 40 ilatly ýeri suw gark etdi. Wagtlaýyn gonalgalarda 4 müň adam bar.

Orenburg oblastynda Ural derýasynyň suwy 83 santimetr ýokarlandy. Hünärmenler ýagdaýa dronlar arkaly gözegçilik edýärler.

Ýene degişli makalalar

Russiýada suw süýşgünleri dowam edýär
Russiýada suw süýşgünleri bilen bagly ýagdaý ýitileşýär
Russiýadaky sil apaty sebäpli suwuň aşagynda galan öýleriň sany artýar
Orenburgdaky Ural derýasynyň suwy iň howply derejede ýokarlandy
Serdar Azmun Türkmenistana garşy oýna gatnaşmak üçin Eýranyň ýygyndysyna çagyryldy
Kazanda türkmen saýlaw toparlary dörediler