Russiýalylaryň haçan özüni garry duýup başlaýandyklary belli boldy

Russiýalylaryň haçan özüni garry duýup başlaýandyklary belli boldy

M.W.Lomonosow adyndaky Moskwanyň Döwlet uniwersitetiniň we Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Federal sosial ylmy-barlag merkeziniň alymlarynyň geçiren barlaglarynyň esasynda russsiýalylaryň haýsy ýaşdan özlerini garry duýup başlaýandyklary belli boldy diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Alymlaryň 1,2 müň adamyň arasynda geçiren pikirsoraşmasynyň netijesi boýunça russiýalylar adatça garrylygyň 70,7 ýaşdan başlanýandygyny aýtdylar.

Şunda aýallar garrylygyň erkeklere garanda, has giç gelýändigini bellediler. Ýaşlar bolsa, nämüçindir garrylyga ir garaşýan ekenler. Saglyk ýagdaýy oňat bolan uly ýaşlylar garrylyk salynyň gijräk başlanýandygyny nygtadylar diýlip, habarda bellenýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen talyplary Moskwada geçirilen Lomonosow 2026 Uniwersiadasynda baýrakly orunlary eýelediler
Mekdep okuwçylarynyň halkara üstünligi
Türkmen uniwersitetiniň wekiliýeti Uniwersitetler we gelejek atly halkara foruma gatnaşdy
Sergeý Butin Russiýanyň daşary işler ministriniň birinji orunbasary wezipesine bellendi
Magtymgulynyň sowgatlyk ýygyndylary Russiýanyň iň uly kitaphanalaryna gowşuryldy
Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça halkara olimpiadanyň açylyş dabarasy geçirildi