Russiýanyň demir ýollary Demirgazyk — Günorta geçelgesiniň gündogar şahasyna arzanladyş yglan etdi

Russiýanyň demir ýollary Demirgazyk — Günorta geçelgesiniň gündogar şahasyna arzanladyş yglan etdi

Russiýanyň demir ýollary (РЖД) Gazagystanyň we Türkmenistanyň üstünden geçýän halkara Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça gara metallary daşamakda 50% arzanladyş yglan etdi. Bu barada nCa habar berdi.

Russiýanyň demirýol geňeşi rus-gazak serhet stansiýalaryndan, soňra bolsa Türkmenistanyň çägindäki Sarahs ýa-da Akaýla stansiýalaryndan geçseler, gara metallary wagonlarda daşamak üçin 0,5 koeffisiýentiniň döredilmegini tassyklady.

Bu arzanladyş 2024-nji ýylyň ahyryna çenli güýje girer diýlip, habarda bellenilýär.

Demirgazyk — Günorta geçelgesinde hyzmatdaşlarymyz bilen alyp barýan ylalaşylan nyrh syýasatyny göz öňünde tutup, bu karar rus metallurgiýa önümleriniň eksporty üçin şertleri ep-esli gowulandyrar diýlip, geňeş tarapyndan habar berilýär.

Häzirki wagtda Aziýa rus demir metallurgiýa önümlerini satmak üçin esasy bazarlaryň birine öwrüldi.

Ýene degişli makalalar

Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisine gatnaşyjylara
Azerbaýjan ýylyň başyndan bäri Eýranyň üsti bilen türkmen gazynyň importyny 2,4% ýokarlandyrdy
DEMIR ÝOLLARYŇ HYZMATDAŞLYGY GURAMASYNYŇ AGZA DÖWLETLERINIŇ DEMIR ÝOL ULAGLARY EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ WE JOGAPKÄR WEKILLERINIŇ MASLAHATYNYŇ XXXVIII MEJLISINE GATNAŞYJYLARA
Sarahs etrabynda gowaça ekişi tamamlanýar
Gündogaryň beýik akyldary
TIKA Bişkekde Agzaçar Berdi