Russiýanyň metbugatynda berilen habarlara görä, Russiýanyň goşunynyň gözegçiligindäki Herson şäherinde ýaşaýan asuda ilatyň hüjüm guralmak howpy sebäpli Dnepr derýasynyň çep kenaryna ewakuasiýa edilmäge başlandy.
Ilkinji tapgyrda Herson welaýatynyň Oleşki we Gola Pristan şäherlerine alynyp gidiljek asuda ilatyň käbirleriniň Russiýanyň Rostow, Krasnodar, Stawrapol sebitleri bilen anneskiýa edilen Kryma göçüriljekdigi habar berildi.
Herson sebitiniň ruslar tarapyndan bellenen gubernatory Wladimir Saldo, 50-60 müň aralygynda adamyň ewakuasiýa ediljekdigini we şol etabyň tapgyrlaýyn häsýetde takmynan 1 hepde dowam etjekdigini mälim etdi.
Sebitde Ukrainanyň goşunynyň hüjümlerine garşy öňüni alyş çäreleriniň görülmäge başlanandygy aýan edildi.
Wladimir Saldo düýn beren beýanatynda, Ukrainanyň goşunynyň sebite garşy uly göwrümli hüjümler başlatjakdygyny we şol sebäpli Herson şäherindäki Berislawkiý, Belozorskiý, Snigirewkiý we Aleksandrowskiý etraplaryna ýaşaýan ilatyň Dnepr derýasynyň çep tarapyna geçiriljekdigini belläp: "Karar hüjümleriň yzyna serpikdirilmegi üçin uly göwrümli goranyş pozisiýalarynyň emele getirilmegi maksady bilen kabul edildi" diýip beýan etdi.
Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Ukrainanyň Donetsk, Lugansk, Herson we Zaparožýe sebitleriniň Russiýa tarapyndan anneksiýa edilmegini öz düzüminde jemleýän resminamalary 30-njy sentýabrda, kanuny bolsa 5-nji oktýabrda tassyklapdy.
Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy hüjümler başladypdy.
