Russiýanyň Merkezi banky küýki-taýçanakly şaýylyk puly çykardy

Russiýanyň Merkezi banky küýki-taýçanakly şaýylyk puly çykardy

Russiýanyň Merkezi banky Russiýanyň halklarynyň legendalary we ertekileri toplumyndan Küýki-taýçanak kümüş şaýylyk puly çykardy, onda Küýki-taýçanak hem-de elinde Symrug guşy saklap duran Iwanyň keşpleri şekillendirilipdir.

Symrug guş täsinligi bilen özüne çekýär, oňa ýagtylyk düşende, dürli reňk öwüşginleri bilen lowurdaýar. Şaýylygyň hümmeti üç rus rubluna deň. Merkezi bank bäş müň nusgalykda goýberiljek täze şaýy pul bilen ýurduň çäginde hasaplaşyp boljakdygyny habar berdi.

Häzirki wagtda Russiýanyň halklarynyň legendalary we ertekileri toplumyndan bäş sany şaýy pul dolanyşyga goýberildi, olar Gurbaga-şa gyzy, Symrug guş, Awçy we ýylan (udmurt ertekisi) we Morozko halk ertekileri esasyndadyr. Bu barada MIR 24 ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda rus kinosynyň festiwaly geçirilýär
Ökünen gurbaga
Ak krokodil gördüňizmi?
Täze bäş görnüşi tapyldy
Ýagşylygy ündeýän “Ajaýyp multfilm”
Gurbaga