RŽD Demirgazyk—Günorta ulag geçelgesi boýunça 1 million tonna ýük daşamakçy

RŽD Demirgazyk—Günorta ulag geçelgesi boýunça 1 million tonna ýük daşamakçy

Russiýanyň demirýollary (RŽD) AGPJ şu ýyl Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça Gazagystan bilen Türkmenistanyň üsti arkaly 1 million tonna ýük daşamagy meýilleşdirýär diýip, RŽD-nyň Baş direktory Oleg Belozýorow Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynyň dowamynda aýtdy.

“Bu ýyl biz Gazagystanly, Eýranly we Türkmenistanly kärdeşlerimiz bilen demir ýol arkaly 1 million tonna ýük daşamagy ylalaşdyk” diýip, Oleg Belozýorow belledi. Bu barada ”News Central Asia” agentligi anna güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, geçelgäniň gündogar şahasynyň gurluşygy tamamlandy we demir ýoluň günbatar şahasyndaky 162 kilometr uzynlykdaky Raşt-Astara demir ýoly Eýran bilen bilelikde gurlar.

Şeýle hem RŽD-nyň Baş direktory Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň çäginde şu ýylyň bäş aýyndaky demir ýol ýük daşamalarynyň 42 göterim ýokarlanyp, 4 million tonna ýetendigini mälim etdi.

Oleg Belozýorow geçelgäniň mümkinçiligine kanagatlanma bildirip, 100 million tonna ýetjekdigini çaklady. “Geçen ýyl Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesi ýurt üçin strategiki ähmiýetini görkezdi we biz ony has işjeň ösdürmeli” diýip, RŽD-nyň Baş direktory Oleg Belozýorow nygtady.

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Daşary söwda ministri Tani bin Ahmed Al Zeýudi 18-19-njy maý aralygynda Tatarystanyň Kazan şäherinde geçirilen “Russiýa — Yslam dünýäsi: Kazan Forum — 2023” atly XIV halkara ykdysady forumynda aýtmagyna görä, Birleşen Arap Emirlikleri 2030-njy ýyla çenli Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesi boýunça logistika taslamasy üçin umumy serişdeleriň 2 trillion ABŞ dollaryndan geçmegine garaşýar.

Ýene degişli makalalar

“RŽD Logistika” Demirgazyk-Günorta geçelgesi boýunça ýük daşamalarynyň nyrhnamalaryny peseltmegi meýilleşdirýär
Türkmenistanyň Prezidenti RŽD-niň ýolbaşçysy bilen gepleşikleri geçirdi, Koreýa Respublikasynda Türkmen medeniýetiniň günleri geçiriler, Daşoguzda ÝUNESKO kluby açyldy, türkmen türgenleriniň üstünlikleri we beýleki habarlar
12-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Aşgabat we Bişkek elektrik energiýasyny ibermegiň möhletini uzaltmak meselesini ara alyp maslahatlaşdy
BMG-NIŇ BOSGUNLAR BOÝUNÇA ÝOKARY KOMISSARYNYŇ MÜDIRLIGINIŇ SEBIT WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
Doňdurmanyň peýdaly taraplary