RŽD Türkmenistana ýük daşamalarynyň mukdaryny 73% artdyrdy

RŽD Türkmenistana ýük daşamalarynyň mukdaryny 73% artdyrdy

Russiýanyň demirýollary (RŽD) AGPJ 2023-nji ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistana ýük daşamalarynyň mukdaryny geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 73 göterim artdyrdy. Bu barada Russiýanyň demirýollary (RŽD) AGPJ-niň Baş direktorynyň orunbasary Sergeý Pawlowyň “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023” atly II halkara maslahatyň dowamynda eden çykyşyna salgylanyp, TASS habarlar gullugy penşenbe güni habar berdi.

“Türkmenistan bilen ýük daşamalary barada aýdylanda, birinji çärýekde yzygiderli ösüş gazanyldy. Şeýle hem 73 göterimden hem köp ýük Türkmenistana iberildi. Türkmenistandan üstaşyr gatnaw barada aýtsak, ol 3,5 esse köpeldi. Bu görkezijileriň mundan beýläk hem ýokarlanjakdygyna ynanýaryn” diýip, Sergeý Pawlow maslahatyň dowamynda eden çykyşynda belledi.

Şeýle hem RŽD-nyň Baş direktorynyň orunbasary RŽD-nyň türkmen kärdeşleri bilen Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça ýük daşamalarynyň ösmegini, bilelikdäki infrastruktura taslamalaryny we hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak ugrundaky çäreleri, şeýle hem sanly transformasiýany we degişli ugurda işiň güýçlendirilmegini göz öňünde tutýan birnäçe resminama gol çekendiklerini aýtdy.

Mundan başga-da, Sergeý Pawlow RŽD-nyň Türkmenistana Arkadag-Aşgabat ugry boýunça 140 km/sag tizlik bilen hereket etýän sebitleýin ýokary tizlikli ýolagçy otlusynyň taslamasyny hödürledi.

RŽD-nyň metbugat gullugy şu ýylyň 28-nji martynda Russiýanyň demirýollary bilen “Türkmendemirýollary” agentligi ýakyn wagtda Aşgabatda we Moskwada wekilhanalaryny açmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

RDÝ-niň wekili Moskwa Aşgabat ýolagçy gatnawyny täzeden ýola goýmagyň tarapdary
Türkmenistanda Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryna Ýeňiş güni mynasybetli pul sowgatlary gowşurylar, Russiýanyň demir ýollary Türkmenistana sebit ýolagçy demir ýol gatnawynyň taslamasyny teklip etdi, we beýleki habarlar
“RŽD Logistika” Demirgazyk-Günorta geçelgesi boýunça ýük daşamalarynyň nyrhnamalaryny peseltmegi meýilleşdirýär
eKassa ykjam programmasy AŞTU hyzmatlarynyň amatly tölegi
Maksat-deri AGPJ-niň ýokary hilli gön önümlerine barha isleg artýar
2023-nji ýylda Russiýa iberiljek türkmen gazynyň garaşylýan möçberi yglan edildi