2023-nji ýylda Russiýa iberiljek türkmen gazynyň garaşylýan möçberi yglan edildi

2023-nji ýylda Russiýa iberiljek türkmen gazynyň garaşylýan möçberi yglan edildi

Gazprom AGPJ bilen ozal baglaşylan şertnamada göz öňünde tutulyşy ýaly, 2023-nji ýylda Russiýa, takmynan, bäş milliard kub metr türkmen gazy iberiler.

Muny Türkmengaz döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Arçaýew ýakynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň nebiti we gazy —2023 halkara maslahatynda we sergisinde mälim etdi diýip, Trend.az habar berýär.

Myrat Arçaýewiň belleýşi ýaly, şertnamada ýylda 5 milliard kub metr töweregi möçberde türkmen gazyny ibermek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem ol häzirki wagtda şertnamanyň doly ýerine ýetirilýändigini sözüniň üstüne goşdy.

2019-njy ýylda Türkmengaz döwlet konserni we Gazprom AGPJ Russiýa 5 ýyl möhlet bilen tebigy türkmen gazynyň iberilmegi barada şertnama baglaşypdy. Şertnama 2024-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket eder.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda gurlan ilkinji ýük gämisi deňiz suwuna düşürildi
Russiýademirýollary (RDÝ) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär
“Balkan” gämi gurluşyk zawody iki sany gury ýük gämisini gurar
“Abadan haly” halylaryň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýdy
KAMAZ AGPJ Türkmenistanyň edara-kärhanalaryny tirkeg ulaglarynyň isleg bildirilýän görnüşleri bilen üpjün edýär
“Türkmenaragatnaşyk” we “LS telcom AG” hyzmatdaşlyk boýunça Ähtnama gol çekdiler