Şa aýaly Ýelizaweta II bilen telefonda gürleşip bilýänler belli edildi

Şa aýaly Ýelizaweta II bilen telefonda gürleşip bilýänler belli edildi

Žurnalist Jonatan Skaredoti Us Weekly žurnalyna beren interwýusynda Beýik Britaniýanyň şa aýaly Ýelizaweta Ikinji bilen göni eltelefonyna jaň edip gürleşip bilýän adamlar barada gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, şa aýaly diňe iki sany belgiden gelen jaňlara jogap berýär.

Olar şa aýalynyň gyzy Anna, şahsy ýaryş ulaglary boýunça menejeri, şa aýalyň ýakyn dostunyň giýewisi Jon Uorrendir.

Şa aýalyň Samsung kysymly ykjam telefony bar, ol hakerlige garşy MI6 sanly ulgam bilen üpjün edilip, hiç kim onuň telefonyna täsir edip bilmeýär diýip, Skaredoti gürrüň berdi.

Galyberse-de, Ýelizaweta Ikinji Facebook sosial ulgamda akkaunt ýöredýär. Žurnalist 95 ýaşly korol aýalyň häzirki zaman tehnologiýalaryny özleşdirýändigine haýran galýandygyny nygtap, ýokanjyň möwç alýan döwründe onuň zyýaratçylary Zoom formatynda wideomaslahat arkaly kabul edendigini ýatlady.

Ýene degişli makalalar

Kitap barada täsin maglumatlar
IMPORTANCE OF TURKMENISTAN’S PERMANENT NEUTRALITY DISCUSSED AT INTERNATIONAL MEDIA FORUM IN THE FORM OF A VIDEO CONFERENCE
TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ÄHMIÝETI WIDEOKONFERENSIÝA GÖRNÜŞINDE GEÇIRILEN HALKARA MEDIA-FORUMYNDA ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Dabarany Keke Palmer alyp barar
37-nji “MTV Video Music” baýraklarynyň ýeňijileri Leýdi Gaga bilen BTS
Telewideniýe dünýäsiniň Oskary hasaplanýarn “Emmy” baýraklary gowşuryldy