Sada suw HJ miwe, gök önüm we ir-iýmiş şirelerini öndürýär

Sada suw HJ miwe, gök önüm we ir-iýmiş şirelerini öndürýär

Sada suw hojalyk jemgyýeti tebigy miwelerden we gök önümlerden dikeldilen şireleriň dürli görnüşlerini: Elle we Ilkent, şeýle hem dürli tagamly gazlandyrylan M5 we Oba içgilerini hödürleýär.

Kompaniýanyň hödürleýän önümleriniň arasynda alma, şetdaly, ülje, erik, pomidor, apelsin şireleri, gawun we garpyz, zirk, böwürslen, üzüm, alma we käşir şireleri, ir-iýmişleriň ýa-da tropiki miweleriň garyndysy we beýlekileri bar. Şireleri öndürmek üçin diňe miwe we gök önüm önümçiliginde ynamdar öndürijileriň ýokary hilli tebigy çig mallary peýdalanylýar.

Içgiler 0,25 we 0,5 litr göwrümli aýna we plastik çüýşelere gaplanylýar. Kärhananyň önümçilik kuwwaty ýylda 2 million dekalitre çenli ýa-da takmynan 47 million çüýşe miwe şiresini öndürmäge mümkinçilik berýär.

Kärhana şu ýyl açyldy we eýýäm türkmenistanly sarp edijileriň arasynda meşhurlyk gazanmagy başardy. Sada suwuň öndürýän içgilerine Halk market we Kämil dükanlar zynjyrlarynda, Aşgabadyň Şazada, Şerbet, Paýtagt, Ruhubelent dükanlarynda duş gelmek bolýar, şeýle hem önümleriň Ynamdar, Giper, 100haryt we beýleki onlaýn-meýdançalary arkaly ýerlenilmegini ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, Sada suwuň öndürýän içgileriniň bir tapgyry Russiýa iberildi, önümi Merkezi Aziýa ýurtlaryna we GDA-nyň beýleki sebitlerine ýerlemek boýunça gepleşikler geçirilýär.

Sada suwuň önümleri Türkmenistanyň hil sertifikatlaryna mynasyp boldy we ISO hem-de halallyk sertifikatlaryny almak üçin taýýarlyk görülýär.

Sada suwuň önümleri barada has anyk maglumatlar üçin (+993 12) 41 36 33 и (+993 12) 41 37 33 telefon belgilerine, şeýle hem sadasuw84@mail.ru elektron salgysyna ýüz tutup bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Gyrgyzystanyň Prezidenti Žaparow Russiýa sapar bilen barar
Gyrgyzstan, ABŞ-nyň Içerki Işlerine Goşulmazlygyny Isledi
Türkmenistanyň Prezidenti gyrgyz kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
Telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
7-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal