Telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

Telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

Düýn 6-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Lideri bilen gadyrly salamlaşyp, türkmen halkynyň adyndan hem-de hut öz adyndan Bişkek şäherindäki ýylylyk elektrosentralynda bolup geçen hadysa baradaky habara duýgudaşlyk bildirdi. Doganlyk ýurda çylşyrymly ýagdaýy ýeňip geçmekde goldaw beriji sözlerini aýtdy we ýylylyk elektrosentralyndaky dikeldiş işleriniň tiz wagtda tamamlanmagyny arzuw etdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň özara düşünişmegiň we açyklygyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýandygy bellenildi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Prezident Sadyr Žaparow birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

TIKA Bişkekde Agzaçar Berdi
Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar
Gyrgyz Respublikasynyň Baýdagyna Üýtgetme Girizildi
Ýitirim etmek, adam öldürmek, sürgün etmek. Türkiýe Merkezi Aziýaly aktiwistler üçin, howply ýere öwrüldi
Daşary Işler Ministri Fidan, Bişkekde Saparda Boldy
Türkmenistanyň Prezidenti gyrgyz kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi