Gyrgyz Respublikasynyň Baýdagyna Üýtgetme Girizildi

Gyrgyz Respublikasynyň Baýdagyna Üýtgetme Girizildi

Gyrgyzstanda dizaýny üýtgedilen ýurduň baýdagy, paýtagt Bişkekde dabara ýagdaýda asyldy.

Täze baýdagyň Ala-Too meýdanyna asylyş dabarasyna Mejlisiň başlygy Nurlanbek Şakiýew bilen Ministrler kabinetiniň başlygy Akylbek Japarow gatnaşdy.

Ala-Too meýdanynda geçirlen dabara şeýle hem Döwlet sekretary Suýunbek Kasmambetow, Adatdan daşary ýagdaýlar ministri Boobek Ažikeýew, Baş ştabyň başlygy Ruslan Mukambetow, Bişkegiň şäher häkimi Aýbek Junuşaliýew bilen 1992-nji ýylda ýurduň baýdagyny taýarlan Ýusup Mataýew bilen Bekbosun Žaýçybekow hem gatnaşdy.

Mejlisiň başlygy Nurlanbek Şakiýew bilen halk deputaty Ulan Primow tarapyndan berlen “Gyrgyz Respublikasy döwletiniň simwollary hakyndaky kanuna üýtgetme girizilmegi baradaky kanun teklibi” 22-nji dekabrda Prezident Sadyr Japarow tarapyndan tassyklanypdy.

Kanuna laýyklykda ýurduň baýdagyndaky tolkun şekilli gün şöhleleri tekizlendi we ortadaky çyzgylaryň sany köpeldildi.

Ýene degişli makalalar

Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar
Ýewraziýa  Döwletleriniň Gün Tertibindäki Wakalar
Daşary Işler Ministri Fidan, Bişkekde Saparda Boldy
Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar
Türki  Döwletleriň Gün Tertibindäki Wakalar