Sadalskiý aktýor Leonid Filatowyň Aşgabat lakamy barada gürrüň berdi

Sadalskiý aktýor Leonid Filatowyň Aşgabat lakamy barada gürrüň berdi

Russiýaly aktýor Stas Sadalskiý sosial ulgamdaky sahypasynda özüniň kärdeşi Leonid Filatowyň geň lakamy barada gürrüň berdi.

Artistiň aýtmagyna görä, ol Filatow Ilkinji söýgüniň şäheri atly filmde surata düşýärkäler tanşypdyr. Şol wagt ol ýaňy teatr uçilişşesini tamamlan ekeni.

...Ýadymda, Lenýa teatr mekdebiniň ähli talyplary Aşgabat diýip ýüzlenerdiler. Munuň sebäbi onuň okuwa girmek üçin Aşgabatdan gelendigi üçin bolsa gerek diýip, Sadalskiý ýatlady.

Sadalskiniň Filatow bilen arasyndan gyl geçmändir, olar bir jaýdan öý satyn alyp, goňşy ýaşapdyrlar. Bu barada Gazeta.ru ýazýar.

Ýeri gelende aýtsak, meşhur rus aktýory, ssenariçi, şahyr Leonid Filatow Türkmenistanyň paýtagtynda önüp-ösdi. Ol öz ýatlamalarynda güneşli türkmen topragyny, Aşgabatda geçen çagalyk, ýetginjeklik ýyllaryny mähir bilen ýatlaýar.

Ýene degişli makalalar

“Özüni tanyşdyrmak we abraýy berkitmek”. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleri näme barada we näme üçin kitap ýazýarlar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Kompozitor Wýaçeslaw Dobrynin aradan çykdy
DAŞARY ÝURT RAÝATLARYNY TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGYNA ATLY ÝUBILEÝ MEDALY BILEN SYLAGLAMAK HAKYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
Ýewropada Ukrainanyň howpsuzlyk kepillikleri maslahatlaşylýarka, Russiýa Kupýansky ele saldy
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Melodiýa orkestriniň bahar çemeni