Şadyýan şahandazlar bäsleşiginiň Balkan welaýat tapgyry geçirildi

Şu günler ýurdumyzyň sebitlerinde halk teatrlarynyň arasynda guralýan Şadyýan şahandazlar atly bäsleşigiň welaýat tapgyrlary guramaçylykly dowam edýär.Günbatar sebitiň merkezi Balkanabat şäherindäki Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Balkan welaýat döwlet drama teatrynda hem bäsleşigiň welaýat tapgyry üstünliklere beslendi.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarymyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden bäsleşigi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimizi we sungatymyzy täze derejelere götermegi, halk teatrlarynda goýulýan oýunlaryň hilini, täsirliligini ýokarlandyrmagy hem-de ýaş zehinleri ýüze çykarmagy, olary döredijilik üstünliklerine höweslendirmegi esasy maksat edinýär. Şeýle-de bu bäsleşik Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ̶ bedew batly at-myradyň mekany ýylynda tomaşaçylaryň ruhy isleglerini, medeni-dynç alyşyny kanagatlandyrmak, şahandazlygyny, şadyýanlygyny has çuň beýan etmek, degişme eserleriniň döredilmegini gazanmak, teatr artistleriniň çykyşlaryny many-mazmun, çeperçilik taýdan baýlaşdyrmak maksatlaryny özünde jemleýär.

Halk teatrlarynyň arasynda degişme sahna eserlerini ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan bu bäsleşikde türkmeniň gadymdan gelýän gylyk-häsiýetleri, şahandazlygy, göwnaçyklygy, wäşiligi, dilewarlygy, suhangöýligi aýdyň beýanyny tapdy.Täsirli, şowhunly ýagdaýda geçen bäsleşigiň dowamynda oňa gatnaşyjylar bäsleşigiň şertlerine baglylykda özleriniň ukyplarydyr başarnyklaryny, zehinlerini görkezdiler. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýet toplumyny ösdürmek ugrundaky aladalaryndan ruhlanan halk teatrlary birnäçe ugurlar boýunça bäsleşdiler.

Welaýatyň etrap-şäherleriniň halk teatrlarynyň dürli çykyşlaram tomaşaçylar tarapyndan şowhunly, dowamly el çarpyşmalar bilen garşylandy.Talapkär emin agzalarynyň gelen netijeleri esasynda halk teatrlarynyň bäsleşiginde welaýatyň Gyzylarbat etrabynyň medeniýet bölüminiň Janahyr şäherçe halk teatry baş baýraga mynasyp boldy.

Türkmenbaşy şäher medeniýet bölüminiň, Gyzylarbat we Bereket etraplarynyň medeniýet bölümleriniň halk teatrlary-da degişlilikde 1-nji, 2-nji we 3-nji orunlary eýelediler.Bäsleşigiň ýeňijileri bolan halk teatrlaryna diplomlaryň, Hormat hatlarynyň, ýadygärlik sowgatlarynyň gowşurylan pursatlary onuň dabaraly jemlenmesine öwrüldi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda çagany mekdebe ýazdyrmak has kynlaşdy
Türk talyp wizasyny almak üçin haýsy resminamalaryň gerekdigi belli boldy
Türkmenistanda isleg bildirýän raýatlar sürüjilik okuwlaryna çagyrylýar, Türkmenistanyň raýatlaryna Türkiýä talyplyk wizasyny almak üçin nähili resminamalary düzetmek gerek, Türkmenistanda 2022-nji ýylda näçe sany körpe 1-nji synpa okuwa gidýär
Türkmenistan iň arzan benzinli döwletleriň sanawynda ilkinji onluga girdi, DIM Russiýanyň Owganystandaky ilçihanasyndaky jenaýatçylykly heretlere nägilelik bildirdi, Türkiýä gitmek üçin wizalary resmileşdirmekde gerek bolan resminamalaryň sanawy
Toyota awtoulaglaryny yzyna ýygnany üçin 150 million dollar tölär
Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi Aşgabatdaky okuw sapagynyň dünýä rekordy hökmünde ykrar ediljekdigine ynanýar