Şäheriçi elektrokaryny tanyşdyrdy

Fransiýanyň “Renault” kompaniýasy 5-15-nji mart aralygynda Ženewada geçiriljek halkara awtoulag sergisine gatnaşdyryljak “Twingo Z.E.” atly elektrokaryny tanyşdyrdy. Şäherde sürmäge niýetlenen kiçi göwrümli bu ulag fransuz kompaniýasynyň ýedinji elektrokary bolar.

Dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän ulag Ýewropada uly islegden peýdalanýan “Volkswagen e-Up!”, “Skoda Citigo iV”, “Seat Mii Electric” we “Smart EQ ForFour” ulaglary bilen bäsleşer. “Twingo Z.E.”-niň aşagyna ýerleşdirilen 22 kW/s kuwwaty bolan batareýa bir gezekki zarýady bilen 180 kilometr ýol geçmegine mümkinçilik berýär.

Ulagyň bäsdeşlerinde bu görkeziji 260 kilometre barabar.Ulag adaty öý şertlerinde zarýada goýlanda batareýasy 13,5 sagatda dolýar. Ýörite zarýad beriji beketlerde bolsa, görnüşine görä, 4-8 sagat aralygynda zarýad alýar.

Gysga wagtda zarýad berýän beketlerde 2 sagat 10 minutda dolýar.Kiçi göwrümli ulagyň kuwwaty 81 at güýjüne barabar bolup, bir sany hereketlendirijisi bar. 0-50 km/s tizlige 4 sekuntda ýetýän ulagyň ýokary tizligi 135 km/s.

Elektroulaglaryň köpüsinde iki ýa-da dört hereketlendiriji bolýar. “Renault” topary “Morphoz” atly nusgalyk elektrokaryny we “Dacia”-nyň elektroulagyny hem köpçülige görkezer.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan — Amerikanyň Birleşen Ştatlary: ygtybarly häsiýete eýe bolan gatnaşyklar
Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-da birnäçe duşuşyklary geçirdi
ABŞ Kuweýtde dron hüjüminde ölen esgerlerden ýene-de iki sanysynyň şahsyýetini anyklady
Türkmen wekiliýeti London we Daşkent şäherlerinde geçiriljek atly ýaryşlara gatnaşar
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISINDE ŞU ÝYLYŇ ÝANWAR-APREL AÝLARYNDA DIM TARAPYNDAN AMALA AŞYRYLAN IŞLERINIŇ NETIJELERI BARADA HASABAT BERILDI
Türkmen wekiliýeti Windzor halkara atly oýunlara we atly ýaryşlara gatnaşar