Şährislamyň gymmatlyklaryna bagyşlanan ylmy neşir çapdan çykdy

Şährislamyň gymmatlyklaryna bagyşlanan ylmy neşir çapdan çykdy

Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary Allaguly Berdiýew bilen Gulamylla Ýagşymyradowyň bilelikde taýýarlan Şährislamyň maddy-medeni gymmatlyklary atly türkmen we iňlis dilindäki kitaby okyjylar köpçüligine gowuşdy.

Bu barada Edebiýat we sungat gazeti şu günki sanynda habar berdi.

Kitapda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çägindäki gadymy Şährislam ýadygärliginiň geçmiş-taryhy we ol ýerde şu günlerki alnyp barylýan ylmy-barlag işleri barada giňişleýin gürrüň berilýär.

Alymlaryň irginsiz gözlegleri netijesinde ýazylan bu ylmy-seljerme kitaby Şährislam ýadygärligine degişli maddy-medeni gymmatlyklary ylmy taýdan öwrenmekde uly ähmiýete eýedir.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Ýurdumyzda halypa-şägirtlik ýörelgesi dowam etdirilýär
Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri mälim edildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi