Şagadam we Ahal toparlary Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň 2026-njy ýyl Kubogynyň ýarym finalyna çykdylar

Şagadam we Ahal toparlary Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň 2026-njy ýyl Kubogynyň ýarym finalyna çykdylar

Şagadam we Ahal toparlary häzirki wagtda Aşgabatda dowam edýän Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň 2026-njy ýyl Kubogynyň ýarym finalyna çykdy.Bu A toparyň jemleýji oýunlarynyň netijeleri boýunça kesgitlendi.Birinji oýnuň köp bölegini azlykda oýnan Ahal garaşylmadyk ýagdaýda Balkanabadyň Nebitçi toparyndan 1:2 hasabynda utuldy.

Hasaby 26-njy minutda Ahalyň oýunçysy Aşyr Jumadurdyýew topy öz derwezesine girizmek bilen açdy. 35-nji minutda oýnuň emini N.Garajaýew Wezirgeldi Ylýasowy meýdançadan çykaryp, balkanly topary azlykda goýdy we onuň derwezesine jerime urgusyny yglan etdi.

Bir minutdan soň Magtymberdi Berenow jerime urgusyny ýerine ýetirmek bilen, hasaby deňledi 1:1.Arakesmeden soň, 56-njy minutda Baýramgeldi Nurlyýew Ahalyň derwezesine ikinji topy saldy, bu-da Nebitçi üçin ýeňiş goly boldy.

Başga bir duşuşykda Şagadam paýtagtyň Köpetdag toparyny 1:0 hasabynda utdy.Aýgytlaýjy goly 31-nji minutda Didar Nazjanow geçirdi.Bu ýeňiş bilen Şagadam ýedi utuk gazandy we birinji orundan ýarym finala çykdy. Ýaryş jedweliniň ikinji setirinde, Nebitçiden utulmagyna garamazdan, dört utukly Ahal galdy, bu bolsa Türkmennebitönümleri Baş müdirliginiň toparyna ýarym finala çykmaga mümkinçilik berdi. Ýarym finalda Ahal B toparynda wagtyndan öň birinji orny eýelän Arkadag bilen duşuşar. Şagadamyň ýarym finaldaky garşydaşy bolsa B toparyň jemleýji oýunlarynyň netijesi boýunça kesgitlener.

Köpugurly Aşgabat stadionynyň merkezi meýdançasyna ilkinji bolup, Arkadag bilen Merw çykar, soňra Aşgabat bilen Türkmenistanyň ýaşlar (20 ýaşa çenli) ýygyndy toparynyň arasynda ýüzbe-ýüz duşuşyk geçiriler.Soňky duşuşykda-da ýaryşyň soňky ýarym finalçysy kesgitlense gerek.

Soňky ýaryşyň öňýanynda Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy toparyndan iki utuk öňde barýan Aşgabada ýarym finala çykmak üçin deňme-deň oýnamagam ýeterlik bolar. Ýarym final oýunlary 10-njy martda geçiriler.Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň 2026-njy ýyl Kubogynyň ýeňijisi bolsa 12-nji martda belli bolar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynda Altyn asyr we Şagadam toparlary öňdeligi eýelediler
Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşynyň ýeňijileri Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşdiler
Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşynyň ýeňijileri Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşdiler
28.09.2017 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen ýurdumyzyň raýatlarynyň birnäçesine Türkmenistanyň at gazanan sport ussady diýen at dakyldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen ýurdumyzyň raýatlarynyň birnäçesine Türkmenistanyň at gazanan sport ussady diýen at dakyldy