Sagdyn bolmagyň kadalary

Sagdyn bolmagyň kadalary

Ýiti respirator keseli diýlip adamyň ýokary dem alyş agzalarynyň sowuklamasyna aýdylýar.Wiruslaryň döredýän bu keseli ýylyň ähli möwsüminde ýüze çykyp bilýär. Şonuň üçin hem saglygy goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek esasy ugurlaryň biridir.

Keseliň öňüni alyş çäreleri: burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmaly, agyz-burun örtüklerini dogry we doly dakynmaly, elleri ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmaly ýa-da ýöriteleşdirilen zyýansyzlandyryjy serişdeleri ulanmaly.

Köpçülik ýerlerinde daş-töwerekdäki adamlar bilen howpsuz 2 metr araçägi saklamaly, asgyraňda, üsgüreňde birgezeklik elýaglyklary ulanyp, soňra olary ýörite gaplara taşlamaly.Kadaly iýmitlenmeli, witaminlere baý gök önümleri we miweleri iýmeli. Öý we iş otaglaryny arassa saklamaly, otaglaryň howasyny çalşyp, penjireleri açyp şemallatmaly.

Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly, işjeň hereketde bolmaly. Öz wagtynda öňüni alyş sanjymlaryny lukman bilen maslahatlaşyp almaly.Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly köp jiltli ylmy- ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk otlardan taýýarlanan melhem çaýlary içmeli.

Dermanlyk ösümliklerden narpyzyň, ýandagyň, çopantelpegiň, itburnuň, buýan köküniň, injir ýapragynyň demlemesini peýdaly içgiler hökmünde ulanmak maslahat berilýär.Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.

Ýene degişli makalalar

Gresiýada Günbatar Nil Wirusyna Ýoluganlaryň Sany Artdy
Germaniýada Kovid-19 Epidemiýasy Agyrlaşýar
Kanpurda 89 Adamda Ziku Wirusynyň Bardygy Anyklandy
Aşgabat COVID-19-yň nobatdaky tolkunyna garaşýar. Lukmanlar medisina işgärleriniň ýetmezçilik etjekdigini duýdurýar
KESELLERDEN NÄHILI GORANMALY?
Saglyk pudagyndaky gözgyny ýagdaýyň’ fonunda Türkmenistan saglyk işgärleriniň gününi belleýär
Russiýada Kovid-19 Epidemiýasy Agyrlaşýar