Sagdyn nesil, bagtyýar geljek

Sagdyn nesil, bagtyýar geljek

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň bilelikde guramagynda Türkmen halysynyň milli muzeýinde Sagdyn nesil, bagtyýar geljek ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ilatyň saglygyny goramakda, raýatlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdürmek, ýurdumyzyň abadançylygyny gowulandyrmak ugrunda uly tagallalar edilýändigi we Bütindünýä saglyk güni mynasybetli sport çäreleri, welosiped ýörişleriniň yzygiderli geçirilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülen, asyrlar aşyp biziň günlerimize gelip ýeten, milli mirasymyzyň aýratyn bir ugry bolan halk oýunlarymyzyň nesil terbiýesindäki ähmiýeti we saglyga ýetirýän täsiri barada belläp geçdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen sportunyň şan-şöhratyny arşa galdyran Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Gymmaty egsilmejek kitap
Ile döwlet geler bolsa
Ýeňijileri gutlamak dabarasy geçirildi
Magtymguly Pyragy türkmen medeniýetiniň ruhy binýady
Zehin joşguny
Halypalaryň mekdebi halkyň ruhy mirasydyr atly ýatlama çäresi
Magtymguly dilleriniň senasy, Garaşsyz döwletim - Türkmen binasy