Sagdynlygyň we ruhubelentligiň Diýary

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň Diýary

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti we Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baş müdirliginiň ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň bilelikde guramagynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Sagdynlygyň we ruhubelentligiň Diýary ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde ata Watanymyzda ýaş nesillerimiziň, çagajyklarymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn kemala gelmegi üçin edilýän aladalar, ýurdumyzda alnyp barylýan sport syýasaty, şeýle hem gurlup ulanylmaga berilýän sport desgalary, sport mekdepleri, sport meýdançalary we stadionlar, hem-de türkmen milli oýunlarymyzyň çaga terbiýesindäki orny ilkinji nobatda olaryň saglygy bilen berk baglanyşyklydygy barada giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzyň saglygyny goramak we berkitmek, raýatlarymyzyň ömrüni uzaltmak barada alada edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Magtymguly Pyragy şygryýetiň çyragy
“Kanunym hem baýdagym asudalygym hem buýsanjym”
“Konstitusiýa we Baýdak-mizemez mukaddeslikler”
Moskwadaky Ýeňiş parady Aşgabatda togtadylan dekolonizasiýa prosesiniň 'gulagyny şaňlatdy'
Türkmenistanyň ýokary we orta hünär bilim ojaklarynda kitapsöýüjileriň çäreleri geçirilýär
"Azatlygyň" žurnalistleriniň 70 ýyllyk ýoly