Saglyk - altyn täjim

Saglyk - altyn täjim

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 11-nji saglyk öýüniň bilelikde guramagynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Saglyk-altyn täjim ady bilen lukman bilen duşuşyk geçirildi.

Çärede Bütindünýä saglyk güni dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini alamatlandyrýan şanly sene hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýandygy, halkymyzyň Saglygym-begligim diýen nakyly bagtyýar zamanamyzda uly ýörelgä öwrülendigi, şonuň netijesinde durmuşymyzyň has-da gözelleşýändigi barada belläp geçdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserleriniň aglabasynda jemgyýetiň esasy baýlygy sagdyn durmuş ýörelgesine we onuň durmuşymyza ornaşdyrylyşyna aýratyn ähmiýet berilýändigi, Hormatly Prezidentimiziň saglyk we sport ulgamyna uly üns bermegi we şol babatda uly tagallalaryň alnyp barylýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda gözel Diýarymyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwren Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Magtymguly Pyragy - türkmen halkynyň milli we edebi mirasynda
Magtymguly sözlerim saza goşsaň uz bolar
Magtymguly Pyragy şygryýetiň çyragy
Belentden ýaňlanan owazlar
Ahalteke atym uçar ganatym
Arkadagly Serdarly eziz Watanym, toý-toýlaýar Pyragynyň şanyna