Salman Bilen Guterreş Gazada Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy

Salman Bilen Guterreş Gazada Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy

Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed bin Salman, BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş bilen Gazada başdan geçirilýän soňky wakalar, parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin edilýän tagallalar hakynda pikir alyşdy.

Saud Arabystanynyň resmi habarlar gullugy SPA-nyň berýän habaryna görä, Bin Salman, Guterreş bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Salman bilen Guterreş telefon söhbetdeşliginde Gazada başdan geçirilýän soňky wakalar, parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin edilýän tagallalar hakynda pikir alyşdy.

Hamasyň Kassam atly ýaragly topary Ysraýyla garşy 7-nji oktýabrda giň gerimli hüjüm gurady.

Ysraýyl, 7-nji oktýabrda guralan hüjümde 1200 ysraýyllynyň ýogalandygyny, 5 müň 132 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.

Ysraýylyň harby goşuny 7-nji oktýabrdan bäri 593 esgeriniň ýogalandygyny aýan etdi.

Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri guraýan hüjümlerinde esasy bölegi çagalardan we zenanlardan ybarat 32 müňe golaý palestinaly ýogaldy, 74 müň palestinaly hem ýaralandy.

Ysraýyl hassahanalary we mekdepleri nyşana almak bilen infstruktura hem uly zeper ýetirýär.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Saud Arabystanyna Bardy
Abbas Bilen Guterreş Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý Saud Arabystanyna Bardy
Wenesuelanyň Prezidenti Saud Arabystanyna Bardy
Türkmen wekiliýeti Özbegistanyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 1