Salwador Bitcoin City atly dünýäniň ilkinji kriptowalýuta şäherini gurmagy maksat edinýär

Salwador Bitcoin City atly dünýäniň ilkinji kriptowalýuta şäherini gurmagy maksat edinýär

Salwador Bitcoin City atly dünýäniň ilkinji kriptowalýuta şäherini gurmagy maksat edinýär. Bu barada ensonhaber.com web sahypasynda habar berilýär.

Dünýäde Bitcoin kriptowalýutasyny resmi pul birligi hökmünde yglan eden ilkinji ýurt hökmünde hasaba alnan Salwadorda täze karar kabul edildi.Salwadoryň kriptowalýutalary wagyz etmek boýunça hepdeliginiň jemleýji çäresinde bu ýurduň Prezidenti Naýib Bukele çykyş edip: Salwador dünýäde ilkinji Bitcoin obligasiýalaryny çykarmak we wulkanyň golaýynda girdeji salgydyndan azat Bitcoin City şäherini gurmagy maksat edinýär.

Bu şäheriň gurluşygyna 300 000 töweregi Bitcoin sarp ediler. Ýurdumyzyň hökümeti Liquid Network torunda 1 milliard dollarlyk Bitcoin obligasiýalaryny ýerleşdirmek üçin eýýäm Blockstream blockchain kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy.Men ähli işewürlere ýüzlenýärin bu işe maýa goýuň we isläniňizçe pul gazanyň.

Bitcoin City atly dünýäniň ilkinji kriptowalýuta şäheri wulkan bilen işleýän, ondan energiýa alýan, ekologik taýdan arassa şäher bolar . - diýip belledi.

Salwadoryň kriptowalýutalary wagyz etmek boýunça hepdeliginiň jemleýji çäresinde Blockstream blockchain kompaniýasynyň baş müdiri Samson Mou wulkan obligasiýalarynyň serişdeleriniň ýarysynyň Bitcoin kriptowalýutalary üçin, galan böleginiň bolsa geotermal elektrik bekedini gurmak üçin ulanyljakdygyny aýtdy.

Salwador ýakyn wagtda dünýäde ilkinji kriptowalýuta şäheri gurmak maksadybilen,Bitcoin obligasiýalaryny dolanyşyga goýberer.

Bitcoin City atly dünýäniň ilkinji kriptowalýuta şäheri Salwadoryň gündogaryndaky La Union sebitinde gurlar. Bu şäher ekologiýa taýdan doly arassa şäher bolar we wulkandan işlenip alynýan biotermal energiýasyny ulanar. Şäher ýaşaýjylary bolsa salgytlaryň ählisinden diýen ýaly boşadylar. On ýyla niýetlenen Bitcoin obligasiýalaryň ilkinji toplumynyň möçberi ABŞ-nyň 10 milliard dollaryna barabar bolar. Obligasiýalary 2022-nji ýylda ulanyşa goýbermek meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Salwadorda Bitkoin siti şäheri gurlar
Älem gözeli bäsleşiginde nikaragualy gyz ýeňiji boldy
11-nji maýdan başlap Türkmenistanda jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekmegiň jerimesi artdyryldy, ýol hereketiniň düzgünlerini bozýan sürüjilere we pyýadalara jerime tölegleriniň möçberi ýokarlandyryldy, Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy söwda merkezi gaýtadan
“Latyn Amerika Ýurtlary Bilen Edilýän Gatnaşyklara Uly Ähmiýet Berýäris”
“Bitcoin” töleg serişdesi kabul edildi
Türkmenistan: günä geçiş, türmede ýogalmak we uzak möhletden soň boşadylmak