Samarkantda ÝUNWTO-nyň Baş Assambleýasynyň 25-nji sessiýasy öz işine başlady

Samarkantda ÝUNWTO-nyň Baş Assambleýasynyň 25-nji sessiýasy öz işine başlady

Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde ÝUNWTO-nyň 25-nji sessiýasynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we ÝUNTWO-nyň Baş sekretary Zurab Pololişwili gatnaşdy. Özbegistanyň prezidenti şeýle möhüm çäräniň Samarkantda geçirilmeginiň tutuş Merkezi Aziýa sebiti üçin möhüm taryhy waka bolup durýandygyny nygtady.

BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasy bolan ÝUNWTO-nyň Baş Assambleýasynyň 25-nji sessiýasynyň çäginde öňdebaryjy kompaniýalaryň, uniwersitetleriň we syýahatçylyk pudagyna degişli guramalarynyň gatnaşmagynda halkara maýa goýum we bilim forumlary geçiriler.

ÝUNWTO-nyň 25-nji sessiýasyna gatnaşýan ýurdumyzyň wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we syýahatçylyk pudagynyň wekilleri bar.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň başlygynyň orunbasary Gülşat Bakyýewanyň habar bermegine görä, sessiýanyň çäginde ýygnanan ýurtlaryň, şol sanda Türkmenistanyň gazanan üstünliklerinden söz açýan sergi guraldy. Mundan başga-da, ÝUNWTO-nyň nobatdaky sessiýasyna dünýäniň 135 ýurdundan wekiller gatnaşdylar.

Sessiýanyň netijelerine esaslanyp, bilelikdäki maksatnamalary we başlangyçlary durmuşa geçirmek baradaky şertnamalaryň birnäçesine gol çekilmegine garaşylýar. Syýahatçylyk üçin iň gowy ýurtlara ýörite baýraklaryň gowşurylyş dabarasy geçiriler. Halkara Syýahatçylyk akademiýasynyň we Ýüpek ýoly mowzugy boýunça maslahat açylar. Galybersede bu ýerde birnäçe medeni çäreler göz öňünde tutulýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we Hytaý syýahatçylygy ösdürmek, Aşgabat — Sanýa uçuşlaryny guramak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
Dünýäniň iň owadan obalary saýlandy
Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Syýahatçylyk we amaly-haşam sungaty sergisi açyldy
Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Syýahatçylyk we amaly-haşam sungaty sergisi
Türkmenistan ilkinji gezek Bütindünýä mirasynyň şäherleri guramasynyň sebitleýin forumyna gatnaşýar
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Belentde parlasyn, şöhratly tugum!“ atly sergi