Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Syýahatçylyk we amaly-haşam sungaty sergisi açyldy

Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Syýahatçylyk we amaly-haşam sungaty sergisi açyldy

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Syýahatçylyk we amaly-haşam sungaty sergisiniň açylyş dabarasy, şeýle-de iki ýurduň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi.

Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň başlygynyň orunbasary Gülşat Bakyýewa, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisiniň orunbasary Mahmud Sadegi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, Azady syýahatçylyk kärhanasynyň syýahatçylyk bölüminiň başlygy Sylapberdi Ataýew, şeýle-de Eýran Yslam Respublikasynyň ATI syýahatçylyk kärhanasynyň baş müdiri Ali Daşti çykyş etdiler.

Çykyş edenler iki ýurduň arasynda syýahatçylyk pudagyny ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işler barada bellediler. Şeýle-de ýurtlaryň çäginde ýerleşýän taryhy ýadygärlikleriň, owadan täsin ýerleriň bardygy nygtadylar.

— Häzirki wagtda syýahatçylyk pudagy bütin dünýäde möhüm pudaklaryň biri hasaplanýar. Syýahatçylyk pudagy ösüş guraly hökmünde döwletler bilen halklaryň, esasan hem Eýran bilen Türkmenistan ýaly medeni umumylygy bolan ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlykda we aragatnaşykda aýratyn orun eýeleýär.

Iki ýurduň kararlaryna esaslanyp we halklaryň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň çäklerinde soňky aýlarda iki ýurtda dürli medeni maksatnamaly çäreler geçirildi. Şu ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň ýardam bilen Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirildi. Şu ýylyň noýabr aýynda bolsa Eýran Yslam Respublikasynyň Yspyhan şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmek meýilleşdirilýär.

Iki ýurduň ýolbaşçylarynyň kararlaryna esaslanyp we halklaryň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň çäklerinde soňky aýlarda iki ýurtda dürli medeni maksatnamaly çäreler geçirildi. Şu ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň ýardam bilen Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirildi. Şu ýylyň noýabr aýynda bolsa Eýran Yslam Respublikasynyň Yspyhan şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmek meýilleşdirilýär.

Ählimiziň bilşimiz ýaly, 2024-nji ýylda Türkmenistanda Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy belleniler. Bu şanly sene mynasybetli iki ýurduň syýahatçylyk kärhanalarynyň ýolbaşçylaryna Eýranyň Gülüstan welaýatynda ýerleşýän akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň aramgähine zyýarat syýahatlary guramagy teklip edýärin.

Sözümiň ahyrynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa medeni maksatly çäreleri, şol sanda şu günki syýahatçylyk sergini geçirmek üçin döredip beren mümkinçilikleri tüýs ýürekden sagbolsun aýdýaryn! — diýip, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisiniň orunbasary Mahmud Sadegi çykyşynyň dowamynda belläp geçdi.

Dabaranyň dowamynda Eýran Yslam Respublikasynyň Samažine, Hätän, Daglar aýdym-saz topary, şeýle-de ýurdumyzyň sungat ussatlary çykyş etdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Syýahatçylyk we amaly-haşam sungaty sergisi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistan we Hytaý syýahatçylygy ösdürmek, Aşgabat — Sanýa uçuşlaryny guramak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
Samarkantda ÝUNWTO-nyň Baş Assambleýasynyň 25-nji sessiýasy öz işine başlady