Samsung 5G-ni göterýän we güýçli batareýaly orta klas smartfonlaryny hödürledi

Samsung 5G-ni göterýän we güýçli batareýaly orta klas smartfonlaryny hödürledi

Samsung özüniň tanyşdyrylyş dabarasynda orta klasyň 5G-ni göterýän iki smartfonyny A33 we A53-i hödürledi.

Bu smartfonlaryň ikisi hem AMOLED displeýi bilen üpjün edilendir, diagonaly 6,4 dýuým bolan A33 90 Gs, diagonaly 6,5 dýuým bolan A53 bolsa 120 Gs täzelenme ýygylygyny göterýär.

Modelleriň ikisinde-de bäş kamera bar esasy, makro, “Boke” effektini döretmek üçin kamera, frontal we giň burçly.Esasy kameranyň durulygy A53-de 64 Mp, A33-de 48 Mp. Şeýle-de, A53 kämilleşdirilen giň burçly we frontal kameralara eýe kiçi modeldäki 8 we 13 Mp bilen deňeşdirilende degişlilikde 12 we 32 Mp.

Mundan başga-da, kameralaryň gijeki režim, portret surata düşürme üçin yzky fon bulaşyklygyny sazlama funksiýasy, wideo stabilizasiýasy we Snapchat-da surat bilen paýlaşmak üçin birnäçe gyzykly filtrleri bar.A53 we A33 modelleri çalt zarýad alyş funksiýasy, IP67 suwdan goraga we iki günläp zarýad saklajak kuwwatly 5000 mAh batareýalar bilen üpjün edildi.

Gurluşlaryň operatiw ýady degişlilikde, 6 GB we 8 GB, fleş-ýat 128 GB we 256 GB, ony 1 GB çenli artdyrmak bolýar.Smartfonlar 5nm prosessorlarda işleýär.A53 dünýäde 1-nji aprelden satuwa çykar, başlangyç baha 449 ýewro, A33 22-nji aprelden, bahasy 369 ýewro.

Deslapky sargytlar 18-nji martdan başlaýar.

Ýene degişli makalalar

Samsung kompaniýasy Galaxy Quantum 3 smartfonyny çykarýar
Mobile tm Xiaomi haryt nyşanly önümleriň dürli görnüşlerini hödürlenýär
Samsung Galaxy S21 tapgyrynyň täze smartfonlaryny hödürledi
Oppo flagmany AnTuTu rekordyny täzeledi
Iň gowy “Android” smartfonlarynyň reýtingi düzüldi
“Akylly” sagatlaryny tanyşdyrdy