Eplenýän ekranly telefonlaryň peýda bolanyna iki ýyl töweregi wagt geçdi.Häzirki wagtda eplenýän ekranly telefonlardan sanlyja model hödürlenýär. Şeýle-de bolsa, bu telefonlaryň sany artýar.Häzirki wagtda “Huawei”, “Samsung” we “Motorola” ýaly kompaniýalaryň eplenýän ekranly smartfonlary müşderilere ýetirilýär. “Samsung Display” kompaniýasy iki gezek eplenýän ekrany işläp taýýarlaýar.
Kompaniýalar şeýle telefonlaryň has kämil görnüşini işläp taýýarlaýarlar.Ekran önümçiliginde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasy bolan “Samsung Display” iki gezek eplenýän ekrany taýýarlaýar.Täze ekran dikligine iki gezek eplenýär.
Bu telefonyň tehniki aýratynlyklarynyň we ulanyjylara nähili ýeňillikleri döretjekdigi häzirlikçe nämälim.Bu telefonyň ulaldylyp, planşet görnüşinde ulanylyp bilinjekdigi aýdylýar. Şeýlelikde, bu telefon “Galaxy Z Fold”-dan has uly ýeňillik döreder.
Telefonyň näderejede berk boljakdygy, haçan satuwa çykaryljakdygy barada maglumat berilmedi.
