Samsung Galaxy S22 täze Gorilla Glass Victus+ gorag aýnasy bilen üpjün ediler

Samsung Galaxy S22 täze Gorilla Glass Victus+ gorag aýnasy bilen üpjün ediler

Samsung-yň Galaxy S22 smartfonynyň ekranynyň goragy täze Gorilla Glass Victus+ gorag aýnasy bilen goralar. Bu barada itzine.ru habar berýär.

Smartfon öndürijileriniň köpüsi enjamlarynyň, esasanam flagştoklaryň displeýleri üçin ýeterlik goragy üpjün etmegi has möhüm hasaplaýarlar.Bu meselede kompaniýalara degişli bazarda iň oňat gorag aýnasy Gorilla Glass-y öndürýän Corning kömek edýär. 2020-nji ýylda çykan Gorilla Glass Victus bazardaky flagman smartfonlaryň köpüsiniň ekranlarynyň goragyny üpjün etdi.

Indi Corning has çydamly aýnany - Gorilla Glass Victus+ aýnasyny çykarmaga taýynlanýar.Ol ilkinji bolup Samsung Galaxy S22 seriýaly smartfonlara ornaşdyrylar.Samsung Galaxy S22-niň esasy smartfonynyň diňe öň tarapky goragy üpjün ediler.

Smartfonyň S22 Ultra görnüşi bolsa hem öň tarapdan, hem arka tarapdan gorag aýnasyna eýe bolar.

Ýene degişli makalalar

200 000 epleme. Samsung-yň täze eplenýän smartfonlarynyň ömri näçeräkkä?
Samsung täze Galazy Z Flip 4 smartfonyny bildiriş etdi
CIET 2025: Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen resminamalara gol çekdi
Arkadag şäherinde ýurdumyzyň baý medeni durmuşyna aýratyn öwüşgin çaýan VI Wena baly açyldy
Türkmen wekiliýeti Brýusselde birnäçe duşuşyk geçirdi