Türkmen wekiliýeti Brýusselde birnäçe duşuşyk geçirdi

Türkmen wekiliýeti Brýusselde birnäçe duşuşyk geçirdi

13-nji aprelde Türkmengaz döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän wekiliýet Brýusselde birnäçe duşuşyk geçirdi.Esasy üns Türkmenistan — ÝB energetika boýunça iş toparynyň mejlisine berildi.Oňa ÝB Komissiýasynyň Energetika boýunça Baş müdirliginiň we beýleki käbir müdirlikleriň wekilleri hem gatnaşdy.

Duşuşyga türkmen tarapdan Türkmennebit döwlet konserniniň, Türkmenenergo döwlet elektrik energiýa korporasiýasynyň we Türkmenistanyň Brýusseldäki ilçihanasynyň wekilleri gatnaşdy.Bu barada ilçihananyň maglumatlaryna salgylanyp, nCa habar berdi.

Şol gün türkmen wekiliýeti bilen Energetika meseleleri boýunça Ýewropa Komissarynyň kabinetiniň başlygy Stefano Grassiniň arasyndaky duşuşyk geçirildi. Mundan başga-da, wekiliýet Ýewropanyň daşarky hereket gullugynyň energiýa diplomatiýasynyň baş geňeşçisi Tibor Stelbaski bilen duşuşdy. Söhbetdeşlikde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we beýleki käbir meseler boýunça pikir alşyldy.

Türkmenistan — ÝB energetika boýunça iş toparynyň mejlisinde esasy mowzuklar Türkmenistanyň gaz bilen üpjün etmegiň ugurlaryny diwersifikasiýa etmek, metanyň zyňyndylary boýunça amaly hyzmatdaşlygyň soňky ösüşleri we mümkinçilikleri, gaýtadan dikeldilýän energiýany üç esse ýokarlandyrmak ýaly maksatlary öz içine aldy.

Türkmen wekiliýeti energiýa geçişi we metanyň zyňyndylaryny azaltmak pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny aýtdy. Duşuşykda sebitde energiýa howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmek üçin hyzmatdaşlygy berkitmegiň has giň geosyýasy netijelerine, strategiki ähmiýetine hem üns çekildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak ylalaşyldy
“Bawariýanyň” 27-nji “Bazeliň” 20-nji çempionlygy
Futbol täzelikleri
Uzaga çeken çempionlyk arzuwlary