ŞAN-ŞÖHRATLY ÝOLLARY BAR ATALAŇ, BEDEW BATLY ÖŇE BARÝAN WATANYM

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki Syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Şan-şöhratly ýollary bar atalaň, Bedew batly öňe barýan Watanym ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler eziz Diýarymyzyň ertirleri aýdyň, geljegi röwşen, günleri şuglaly, aýlary nurly, ýyllary bereketli bolup, beýik ösüşler bilen öňe barýan, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly halkymyzda aýratyn ruhubelentlik duýgusyny döredip, Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna beslenjek ýylyň ahalteke bedewi bilen baglanyşdyrylmagy ýeneki üstünliklere ynamy artdyrýandygy barada buýsanç bilen beýan etdiler. Şeýle-de ahalteke bedewleri ynsana mahsus gylyk häsiýeti hem-de eýesine wepalylygy bilen bütin dünýäde meşhurlyga eýedigi barada gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Nebitgazdüýpliabatlaýyş trestiniň abatlaýjylary önümçiligiň ösüş depginlerini ýokarlandyrýarlar
ZENAN KEŞBI TEATR SUNGATYNDA
DOWAMAT-DOWAMDYR ÝOLLARYŇ BEDEW
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP DIÝAR, BEDEW BATLY ÝURDUM ÖŇE BARÝAR
HALKYŇ SAGLYGY ÝURDUŇ BAÝLYGY
TÜRKMEN HALK MATALLARY KITABY ESASYNDA