Şanhaýda dünýädäki iň beýik restoranly myhmanhana açyldy

Şanhaýda dünýädäki iň beýik restoranly myhmanhana açyldy

Dünýädäki iň beýik J Hotel Shanghai Tower myhmanhanasy şenbe güni Şanhaýda resmi taýdan açyldy we myhmanlary kabul edip başlady. Täze lýuks myhmanhana beýikligi 632 metr bolan Shanhai Tower diňinde ýerleşýär. Bu bina beýikligi boýunça diňe Dubaýdaky Burj Halifa diňinden (828 metr) yza galýar diýip, rg.ru habar berýär.

Täze myhmanhananyň kabulhanasy 474 metr belentlikde, binanyň 101-nji gatynda ýerleşýär.Myhman otaglary 86 98-nji gat aralygynda, howuz bolsa 393 metrden gowrak belentlikde 84-nji gatda ýerleşýär.

Umuman alanyňda, belgi toplumy 165 otagy, şol sanda 34 lýuks otagyny öz içine alýar.Myhmanhanada restoran bar, ol iň soňky 120-nji gatda ýa-da 556,7 metr belentlikde ýerleşýär.

Ol ýerden Luszýaszuý maliýe merkezi, Huanpu derýasynyň kenary we tutuş şäheriň panoramasy görünýär.Restoran iň beýik hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girmäge dalaş edýär.Shanhai Tower diňiniň gurluşygy 15 mlrd ýuana (2,3 mlrd dollar) düşdi we 2015-nji ýylda tamamlandy.

Diňiň içinde myhmanhanadan başga-da, ofis otaglary, dükanlar, jemgyýetçilik iýmiti edarasy we 118-nji gatda Şanhaýda we tutuş Hytaýda iň beýik bolan gözegçilik meýdançasy bar.Shanhai Tower açylmazdan öň, iň beýik gözegçilik meýdançasy Şanhaýyň Bütindünýä maliýe merkeziniň (474 m) 100-nji gatynda ýerleşýärdi.

Ýene degişli makalalar

Daşary ýurtlarda dynç almak gymmatlady
Awazadaky myhmanhana işgärleri syýahatçylaryň azlygyndan alada edýärler
Türkmenistan ýadro howpsuzlygy boýunça halkara konwensiýalara goşuldy, Maryda sanly telefon ulgamy we GPON-a esaslanýan internet işjeň ornaşdyrylýar hem-de beýleki habarlar
Podmoskowýede bolan ýykgynçylyk dünýäde giňden ýazgaryldy
Birleşen Arap Emirlerinde Prezident Erdoganyň Sapary Üçin Uly Taýarlyk Görülýär
Hytaýda 500 metrden beýik diňleri gurmak gadagan edildi
Iň beýik myhmanhana açyldy