Şanhaýyň seýilgählerinde sakura gülledi

Şanhaýyň seýilgählerinde sakura gülledi

Şanhaýyň seýilgählerinde howanyň maýlamagy sebäpli sakura agaçlary gülledi, müňlerçe şäherliler we jahankeşdeler güllän wişnýa agaçlarynyň gözelligini synlamaga geldiler diýip, MIR 24 habar berýär.

Iň meşhur ýer bolsa, Gukun seýilgähi. Bu ýere adamlar maşgalalary bilen gelip, surata düşýärler. Seýilgähde sakura agaçlary 110 gektara golaý meýdany tutýar, bu ýerde olaryň 120 görnüşi bar.

Bizde wişnýa agaçlarynyň iň köp ösýän ýeri bar. Olar martda has köp gül açyp, apreliň aýagyna çenli dowam edýär diýip, ýerli hünärmen Li Ýun gürrüň berýär.

Seýilgähe gelýänler bu ýerde güllän çigildemleri hem synlap bilýärler. Adamlar şeýlebir köp welin, ir säherde ulag goýara ýer tapylmaýar. Polisiýa olary goňşy jemgyýetçilik ulag goýulýan ýerlere ýollaýar. Seýilgähde howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi.

Ýene degişli makalalar

Dünýäde Zähmetkeşleriň Halkara güni baýram edildi
Türkmenabatda polisiýa köçede gezelenç edýän jübütleri gorkuzyp para alýar
Aşgabadyň seýilgählerinde raýatlara gözegçilik artdy
Dünýäniň iň uly çigildem bagy
Türkmenistanda parlament saýlawlaryna gatnaşanlaryň sany 90%-den geçdi, 2023-nji ýylyň ilkinji iki aýynda Türkmenistan Hytaýa 1,61 milliard dollardan gowrak möçberde haryt eksport etdi we beýleki habarlar
Bişkekde aýazly howa sebäpli köçe yşyklary öçüriler