Sanksiýalaryň Bes Edilmegi Bilen Azyk Krizisi Çözüler

Sanksiýalaryň Bes Edilmegi Bilen Azyk Krizisi Çözüler

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, sanksiýalaryň bes edilmeginiň azyk krizisiniň çözülmegine goşant goşjakdygyny aýtdy.

Kremlden berlen beýannama görä, Wladimir Putin, İIaliýanyň Premýer-ministri Mario Dragi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Putin, Garadeňizdäki we Azow deňizindäki portlarda ýolagçy gämileriniň howpsyz ýagdaýda çykmagy üçin her gün ynsanperwer geçelgeleriniň açylýandygyny nygtady.

Dragi bilen halkara azyk meselesi hakynda pikir alyşandyklaryny aýdan Putin, ýurdunyň oba hojalyk önümleriniň dünýä bazaryna ýetirilmegini bökdeýändigi baradaky günäkärlemeleriň asylsyzdygyna ünsi çekdi.

Putin, azyk krizisiniň täze görnüş koronawirus epidemiýasy döwründe Günbatarly ýurtlaryň Russiýa meselesinde alyp barýan maliýe syýasatlary bilen arabaglanşykldygyny belledi.

ABŞ-nyň we ÝB-niň Russiýa goýan sanksiýalary sebäpli azyk krizisiň agyrlaşandygyny nygtan Putin, Günbatarly ýurtlaryň syýasy maksatly goýan sanksiýalarynyň bes edilmegi şerti bilen azyk krizisiniň çözülmegine goşant goşmaga taýardyklaryny nygtady.

Ýene degişli makalalar

Emmanuel Makron: "Krizisler tapgyryndan geçýäris" diýdi
Eýranda Sil Apaty Sebäpli Ýogalanlaryň Sany Artdy
Ýens Stoltenberg, Galla Krizisiniň Çözülmeginde Uly Rol Oýnan Türkiýä Sagbolsun Aýtdy
Eýranda Sil Sebäpli 18 Adam Pida Boldy
Galla Krizisi Çözülýär
ABŞ, Prezident Erdoganyň Galla Krizisiniň Çözülmegi Üçin Edýän Tagallasyndan Hoşal