“Şanly bedew” polat turbalary we profilleri öndürýän täze kärhana açdy

“Şanly bedew” polat turbalary we profilleri öndürýän täze kärhana açdy

“Şanly bedew” hojalyk jemgyýeti anna güni Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde polatdan elektrik kebşirlenen turba we profil önümlerini öndürýän täze kärhanany ulanyşa berdi.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Altyn asyr: Türkmenistan" teleradioýaýlymynyň halkara habarlar bölüminiň žurnalisti Çary Çaryýewiň “Biznes Türkmenistan" internet neşirine beren habaryna görä, dabara il sylagly ýaşulular, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, etrabyň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Meýdany 5 gektara barabar döwrebap toplum edara binasyndan, önümçilik sehinden we ammarlardan ybarat bolup, kärhana Ýaponiýada, Italiýada we Türkiýede öndürilen ýokary tehnologik enjamlar bilen üpjün edildi.

Bu toplumyň önümçilik kuwwaty ýylda 12 müň tonna polady gaýtadan işläp, ýokary hilli polat turbalary we profilleri öndürmäge mümkinçilik berýär.

“Şanly bedew” hojalyk jemgyýetiniň elektrik kebşirlenen turba we profil önümleriniň önümçiliginde Russiýadaky “Магнитогорский металлургический комбинат” we “Северсталь”, şeýle hem Gazagystandaky “Казмет” metal kombinatlarynda taýýarlanylýan uglerodly poladyň “Ст3пс”, “Ст2пс”, “S235JR” markaly çig mallary peýdalanylar.

Häzirki wagtda “Şanly bedew” hojalyk jemgyýetiniň önümçilik toplumynda galyňlygy 1,5 millimetrden 4 millimetre, diametri 33,7 millimetrden 114,3 millimetre çenli bolan polat turbalaryň 14 görnüşi öndürilýär. Kärhanada galyňlygy 1,5 millimetrden 4 millimetre, ölçegi 30x30 millimetrden 100x80 millimetre çenli polat profilleriň 13 görnüşiniň önümçiligi ýola goýuldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen telekeçisi “Ak çeşme” haryt nyşanly mesge ýagyny öndürip başlady
“Täze Aý” et önümleriniň täze kärhanasyny işe girizdi
“Doganlar ýyldyzy” “Syrdaş” haryt nyşanly desert pastasyny öndürip başlady
“Täze Aý” şöhlat, konditer, süýt önümleriniň täze görnüşlerini çykaryp başlady
“Türkmen berk-metal” tegmilleri aýryjy serişdeleriň önümçiligini ýola goýdy
Taryhdan taryply türkmen bedewi