Şanly sene mynasybetli aýdym-sazly dabaralar

Şanly sene mynasybetli aýdym-sazly dabaralar

18-nji maýda paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde geçirilen sungat ussatlarynyň konserti Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli guralan baýramçylyk çäreleriniň iň şowhunlylarynyň biri boldy.

Ýurdumyzyň meşhur bagşy-sazandalary, tans we folklor toparlary öz çykyşlaryny halkymyzyň ýeten belent sepgitlerine, gazanan üstünliklerine, mähriban Watanymyza bagyşladylar.Dabaraly konsert Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň horunyň we Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň artistleriniň ýerine ýetirmeginde Parla, ýaşyl tugum!

atly edebi-sazly kompozisiýa bilen açyldy. Çykyşda döwletimiziň esasy nyşanlarynyň biri bolan hem-de halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýan ýaşyl tugumyz wasp edilýär.Dokmaçylar folklor toparynyň ýerine ýetiren Arkadagly Serdarymyz, jebisdiris daşyňyzda!

atly kompozisiýasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän özgertmeler syýasaty bilen berk baglanyşykly häzirki ajaýyp günümiz, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň beýik geljegi wasp edildi.

Çagalar tans toparlarynyň çykyşlary baýramçylyk konsertiniň bezegi boldy.Türkmenistan bagtyýar çagalygyň ýurdudyr. Çagalaryň milli äheňe beslenen çykyşynda halkymyzyň bagtyýar durmuşy öz beýanyny tapdy.Türkmenistanyň Döwlet tans toparynyň, Galkynyş, Näzli, Laçyn, Meňli, Miras, Serpaý, Aşgabat tans toparlarynyň çykyşlary hem tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

Bu ýere ýygnanan köp sanly tomaşaçylar ýurdumyzyň meşhur saz toparlarynyň, estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetiren çykyşlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.Miras tans topary küştdepdi tansyny ýerine ýetirdi.

Dabaraly konsert gatnaşyjylaryň ählisiniň ýerine ýetirmeginde Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan! atly aýdym bilen tamamlandy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Serdar Berdimuhamedowyň iň ýokary döwlet wezipesine girişmeginiň iki ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi
Arkadag şäherinde V Wena baly geçirildi
Arkadag şäherinde V Wena baly we Galkynyş türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi
Aşgabatda Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi
Arkadag şäherinde V Wena baly we türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi
Aşgabatda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi