Sanly ulgamyň döwrebap çözgütleri

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzyň pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak işi batly depginlere eýe bolýar.Bu ugurda edilýän işleriň hatarynda elektron resminama dolanyşygyny ýola goýmak, täze goşundylary döretmek, internet arkaly ilata edilýän sanly hyzmatlaryň we tölegleriň görnüşleriniň gerimini giňeltmek ýaly täzeçil çemeleşmeler bar.

Sanly ulgamyň çalt depginlerde ornaşdyrylmagyna milli Liderimiziň tassyklan Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy uly itergi berýär.Milli Liderimiziň tassyklan ykdysadyýetimizi sanlaşdyrmak maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagy babatda “Türkmen-Tranzit” hojalyk jemgyýeti dürli çäreleri guraýar. Şu ýylyň başyndan bäri, welaýatlarda, ýokary okuw mekdeplerinde, döwlet we hususy edara-kärhanalarda “Sanly döwür” atly duşuşyklar, maslahatlar we tanyşdyrylyş dabaralary geçirilip gelinýär.

Sanly ulgamyň giň gerimde özleşdirilýän döwründe kiber hüjümleriň döremeginiň ähtimallygy hem ýüze çykýar.Bu ugurda hem “Türkmen-Tranzit” hojalyk jemgyýeti degişli işleri alyp barýar.Golaýda “Türkmen-Tranzit” HJ-niň bilermenleri öz daşary ýurtly hyzmatdaşy “MUK International” kompaniýasynyň wekilleri bilen bilelikde Arçabil myhmanhanasynda kiberhowpsuzlygyň çözgütleri boýunça hünär okuwyny gurady.

Geçirilen hünär okuwyna ýurdumyzyň bank ulgamynyň wekilleri çagyryldy.Gatnaşyjylara sanly maglumatlar binýadynyň, internet howpsuzlygyny üpjün etmek üçin dünýäniň öňdebaryjysy bolan “Check Point” kompaniýasynyň çözgütleri bilen giňden tanyşdyryldy.Hünär okuwynyň çäklerinde ýerli gatnaşyjylaryň halkara hünärmenleri bilen tejribe alyş-çalyş etmek we hyzmatdaşlygy gurnamak boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe okuw barlag işleri geçirildi. “Türkmen-Tranzit” HJ öz düzüm birliginde ýurdumyzda ilkinji bolup kiberhowpsuzlyk bölümini döredip, tejribeli hünärmenleri işe kabul etdi.

Olaryň resmi taýdan işewür segmentiň ilkinji wekili bolandygyny belläp geçmek hökmanydyr.

Jennet SAPAROWA,“Türkmen-Tranzit” HJ-niň jemgyýetçilik bilenaragatnaşyk boýunça hünärmeni.

Ýene degişli makalalar

Alýaskada 7,2 bal ululygynda ýer titreme boldy
Kalyn “Le Point” žurnalyna reaksiýa bildirdi
Tölegleri diňe kart bilen kabul edýän döwlet dükanlarynda terminallar kadaly işlemeýär
Hamilton rekorda ymtylýar
SPORT TÄZELIKLERI