Santa-Krusdaky sil joşgunlary: ýaşaýjylary göçürýärler

Santa-Krusdaky sil joşgunlary: ýaşaýjylary göçürýärler

ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Santa-Krus okrugynyň 10 müň töweregi ýaşaýjysy göçürilýändikleri barada habarnama aldylar. Sebäbi sebite güýçli sil joşgunlary aralaşdy. Yzyny kesmän ýagýan çabgalar netijesinde ýerli derýanyň suwy kenaryndan agdy. 25 müňden gowrak öý elektriksiz galdy. Çabgalar zerarly bu ýerde gar çalt ereýär. Ýerli häkimiýetler munuň uly sil joşmalaryna getirmeginden howatyrlanýarlar diýip, Habar 24 ýazýar.

Sil joşmalary Peruwyň hem demirgazyk bölegini basdy, sebäbi sebite Ýaku deňiz harasaty aralaşdy. Ol ýyly we sowuk howa akymlarynyň çaknyşmagyndan emele geldi, netijede, müňlerçe adam öýsüz galdy, mekdepler ýapyldy, ulag gatnawy bozuldy, awtoulag ýollaryny suw basdy.

Ýene degişli makalalar

Ýangynda kül bolan Günorta Kaliforniýa güýçli ýel hem-de ýangyn howpy abanýar
Gollandiýaly aýakýalaňaç 3,5 müň kilometr ýol geçip, dünýä rekordyny goýdy
Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
Berdinyýaz Rejepmedowyň Konsert dialogy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ekwadordaky ýer süýşgünlerinde ýogalan adamlaryň sany artdy
UEFA Çempionlar Ligasynda 1-nji saýlama tapgyryň duşuşyklary tamamlandy